Her bir güni uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy aýratyn guwandyryjy waka boldy.
Hormatly Prezidentimiz pähim-paýhasdan dörän eserinde «Bu kitaby ýazmakdan maksadym, türkmen we daşary ýurtly okyjylarymy ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalarynyň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr» diýip, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen medeni we ruhy däpleri barada giňişleýin söhbet açýar. Täze kitap 3 bapdan we 7 bölümden ybarat bolup, «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplar hem-de «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar — Bagabat — Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümler türkmen halkynyň şanly geçmişini dabaralandyrýar.