HABARLAR

Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli 2009-2010-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň 4-nji sport mekdebi bilen bilelikde sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirdik. Ýaryşyň jemi boýunça  birinji orna «Deňizçi», ikinji orna «Mawy kenar», üçünji orna «Hazar» toparlary mynasyp boldular. Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Sport

KÜŞTÇILER BÄSLEŞDILER Döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde gowy netijeler gazanylýar. Sporta höwesek türgenleriň sany ýylsaýyn artyp, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň sport abraýyny goramakda şowly çykyş edýärler. Ezber türgenleriň ýetişdirilmeginde sport mekdepleriniň tälimçileriniň saldamly goşantlary ýatlanylmaga mynasypdyr.

Sportuň sarpalanýan eýýamy

Türkmenistan — sport ýurdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli Diýarymyz dünýäde sportuň rowaçlanýan, olimpiýa hereketiniň we halkara hyzmatdaşlykda parahatçylygyň, hoşniýetliligiň ileri tutulýan ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan iri halkara ýaryşlaryň, çempionatlaryň yzygiderli geçirilýän ýurdy bolmak bilen, sportuň parahatçylygy, abadançylygy we birek-birege ynanyşmagy öňe sürýän ýörelgelerini bütin dünýäde dabaralandyrýar. Geçen ýylyň ahyrynda gözel paýtagtymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň uly ruhubelentlige, ýokary guramaçylyga beslenip geçirilmegi ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has hem belende göterdi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmäge ygtyýar berilmegi bagtyýar halkymyzyň, dünýä jemgyýetçiliginiň hem-de sport janköýerleriniň uly hoşallygyna eýe boldy. Ýurdumyzda halkara derejeli ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi jemgyýetimizde sport işjeňligini, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigine aýdyň güwä geçýär.

Sport

Türkmenistanyň çempionaty geçirildi Türkmenistanyň maýyplarynyň merkezi bedenterbiýe-sport klubunyň guramagynda Aşgabat şäherinde daýanç-hereket synasy şikesli türgenleriň arasynda küşt we şaşka boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Onda welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň agzalary, welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň okuwçylary Daniýarbek Umidow 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda, heniz 15 ýaşyndadygyna garamazdan, Saparmuhammet Akmyradow bolsa uly ýaşly türgenleriň arasynda Türkmenistanyň çempiony boldular. Ýeňiş gazanan türgenler Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglanyldy.

Sagdyn nesil — bagtyýar geljek

Bäherden etrabyndaky 28-nji orta mekdepde 14-15 ýaşly okuwçy ýaşlaryň arasynda «Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» ady bilen milli mergenlik oýny boýunça ýaryş geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan ýaryşy «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi bilelikde gurady. Etrapdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylaryndan düzülen toparlaryň işjeň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşyň esasy maksady türkmen milli oýunlarynyň terbiýeçilik ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmekden, ýaş nesliň sagdyn, ruhubelent bolup ýetişmegini gazanmakdan ybarat boldy. Ýaryş okuwçy ýaşlara mergenlikde ukyp-başarnygyny görkezmäge şert döretdi.

Geljekki çempionlar taýýarlanýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň guwandyryjy görkezijilere beslenmegini gazanmak her bir ugurda zähmet çekýän ildeşlerimiziň baş maksady bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, Gökdepe etrabynyň sport mekdebiniň tälimçi-mugallymlary hem şanly ýylda tutanýerli zähmet çekýärler. Olar özleri üçin döredilen giň we amatly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, sport mekdebine gatnaýan ýaşlaryň döwrebap derejede türgenleşmegi, sportda taplanmagy hem-de ýokary sepgitleri eýelemegi ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gurlan Gökdepe etrabynyň sport mekdebi bu gün sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ruhubelent ýaşlarymyzyň söýgüli ýerine öwrüldi. Mekdebimizde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan tassyklanan ýyllyk iş meýilnamasy esasynda häzirki günlerde degişli işler alnyp barylýar. Ýaş türgenleriň arasynda dürli sport ýaryşlary, wagyz-nesihat, düşündiriş çäreleri hem geçirilýär we olaryň netijeliligi gazanylýar.

Woleýbol ýaryşy

Sarahs etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň sport zalynda «Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» ady bilen woleýbol ýaryşy geçirildi. Oňa etrapdaky orta mekdepleriň 14-15 ýaşly okuwçy gyzlaryndan düzülen toparlar gatnaşdy. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen ýaryş mekdep okuwçylaryna woleýbol sporty boýunça ussatlygyny görkezmäge mümkinçilik berdi. Gyzykly duşuşyklary bilen alamatlanan ýaryşyň netijesinde etrapdaky 23-nji orta mekdebiň topary üstün çykdy. Ýaryşda ikinji orny 27-nji, üçünji orny bolsa, 3-nji orta mekdebiň okuwçy gyzlary eýelediler.

Sport

Pauerliftingçileriň üstünligi Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan sport syýasatynyň maksady ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen, halkyň saglygyny goramakdan, berkitmekden hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Aýratynam, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklarynyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy bu babatda uly üstünlige şaýatlyk edýär.

Welaýatyň birinjiligi geçirildi

Şu gün 14 we 18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda sportuň 64 öýjükli şaşka görnüşi boýunça welaýatymyzyň birinjiligi tamamlandy. Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdepde geçirilen ýaryşa welaýat merkezinden, şeýle-de Köýtendag, Hojambaz, Dänew etraplaryndan, Darganata etrabynyň Gazojak şäherinden ýaş türgenleriň uly topary gatnaşdy. Ýiti bäsdeşlik ýagdaýynda geçen duşuşyklarda bu oýnuň inçe syrlaryny has gowy ele alan türgenler öňe saýlandylar. Has takygy, 14 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Köýtendag etrabyndan Tahyr Taştemirow ýeňiji boldy. Bu ýaş derejesinde gyzlaryň arasynda birinji orny hem şol etrapdan Aýbölek Narzullaýewa eýeledi. 18 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Türkmenabat şäherinden Atamurat Jumaýewe taý gelen tapylmady. Şu ýaş derejesinde gyzlaryň arasynda welaýat merkezinden Gülnara Jumaýewa özüniň ýeňşini toýlady. Ýaryşda Gazojak şäherinden, Dänew etrabyndan gelen ýaş türgenleriň çykyşlaryny-da şowly hasaplamak bolar. Olara hem öňdäki orunlary eýelemek başartdy. Guramaçylykly geçen bäsleşik welaýatymyzda sportuň bu görnüşinde ussatlyga dalaş edýän ýaş türgenleriň az däldigini görkezdi. Ýaryşyň ýeňijilerine ony guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.