«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024
Häzirki wagtda berk saglyk derejesini saklamazdan, jemgyýetde üstünlik gazanmak mümkin däl. Çünki saglyk üstünlik gazanmagyň ilkinji şertidir. Munuň özi işjeň durmuş ýörelgesini, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy aňladýar. Ýurdumyzda ynsan saglygy döwletimiziň baş baýlygydyr. Bu ugurda alnyp barylýan syýasatyň maksady halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýe we Olimpiýa hereketiniň, sportuň ösdürilmegine, bu ugra ilatyň, esasan-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegine uly üns berilýär. Bedenterbiýe bilen meşgullanmak, sportuň atçylyk we beýleki görnüşleri ýaşlarda şahsy häsiýetiň döremegini, tutanýerliligi, erki, zähmetsöýerligi, birek-birege bolan oňyn gatnaşyklary, durmuş işjeňligini ösdürýär. Bu bolsa jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginiň baş şertini emele getirýär.