Sport —bagtly geljek
«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde etrabyň 10-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda Bütindünýä saglyk gününi mynasyp garşylamak we ýaşlary sporta çekmek maksady bilen, «Sport — bagtly geljek» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde sagdyn durmuşda ýaşamaklary üçin alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler, şeýle-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen guraldy. Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler etrabymyzda sport ulgamynda yzygiderli alnyp barylýan işler dogrusynda, ýaşlarymyzy sporta gönükdirmekde gurnalýan çäreler barada giňişleýin aýdyp berdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyry