Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň gülläp ösmegi, ýaşlar syýasatynyň dabaralanmagy ýaly ajaýyp işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän her bir adamyň mertebesini beýgeltmek hem-de onuň bagtly ýaşaýşyny üpjün etmek baradaky alada öz beýanyny tapýar. Hususan-da, ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugruna öwrüldi.
Ýaş nesliň terbiýesine, ylymly-bilimli bolmagyna, sport bilen meşgullanmagyna, Watanymyza, il-günümize wepaly bolup ýetişmegine, her bir işde öz şahsy jogapkärçiligini duýýan nesliň kemala gelmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda dürli wagyz-nesihat, sport we medeni-köpçülik çäreleriniň, dürli bäsleşikleriň geçirilmegi hem ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Munuň özi zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmaga, olarda sporta bolan höweslerini artdyrmaga ýardam edýär.