HABARLAR

Bütindünýä saglyk güni dabaraly bellenilip geçildi

Hemmämize mälim bolşy ýaly, 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Ol gün welosipedli ýöriş guralyp, ýurdumyzda, şol sanda biziň welaýatymyzda-da welosipedli ýöriş geçirildi. Uzak aralygy geçen welosipedli ýörişe gatnaşyjylar baýramçylyk gününe bagyşlanan ajaýyp aýdym-sazlary diňlediler.

Lukmanlar bäsleşdiler

Welaýat köpugurly sport toplumynda Türkmenabat şäheriniň saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda sport ýaryşy geçirildi. Welaýat saglygy goraýyş müdirligi hem-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşi bilen bilelikde guralan bu ýaryş sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis, woleýbol, şaşka görnüşlerini öz içine aldy. Sporty durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwren lukmanlar ýaryşda çalasynlyklaryny we tutanýerliligini görkezdiler. Olar bu ýaryşa işjeň gatnaşmak bilen, sportuň ynsan saglygyna ýetirýän peýdasynyň örän kändigini, şol sebäpden sport bilen yzygiderli meşgullanmalydygyny, özleriniň bolsa elmydama sporty hemra edinýändiklerini ýene bir gezek ykrar etdiler.

Welaýatymyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

Düýn säher bilen gojaman Jeýhunyň kenarynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe ak pata berildi. Baharyň mylaýym howasy bolsa ýörişe gatnaşyjylaryň başyny sypady. Şeýlelikde, bütin dünýäniň ilatynyň saglygynyň şanyna bellenilýän uly baýram Gündogar sebitde ägirt uly awtoulag köprüsiniň üstünden badalga berlen köpçülikleýin welosipedli ýöriş bilen başlandy. Eýýäm köp ýyldan bäri geçirilmegi asylly däbe öwrülen köpçülikleýin ýörişe Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Ykbalyny welosporta baglan türgenler bolsa, her gezek bolşy ýaly, ýörişiň başyny çekdiler.

Woleýbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygy

Sarahs etrabyndaky “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda “Sagdyn ýaşlar” ady bilen sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Oňa “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň işgärlerinden, şeýle-de etrabyň edara-kärhanalardan düzülen toparlar gatnaşyp, özara güýç synanyşdylar. Woleýbol ýaryşy çekeleşikli geçdi. “Dagdan” we “Daýanç” toparlarynyň arasynda çekeleşikli duşuşyk “Dagdan” toparynyň üstünligi bilen tamamlady. Ýeňiji bolan topara “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sport we bedenterbiýe ulgamynyň binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Netijede, köpçülikleýin bedenterbiýe, sport-sagaldyş hereketi giň gerime we uzak möhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe boldy. Asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda şatlyk-şowhuna beslenen medeni we köpçülikleýin sport çäreleri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hem uly ruhubelentlik bilen geçirildi. Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi hem-de onuň garamagyndaky ähli sport edara-guramalarynda şanly sene mynasybetli çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy.

Şaşka ýaryşy geçirildi

“Sagdyn nesil — bagtyýar geljek” ady bilen Tejen etrabyndaky 41-nji orta mekdepde etrap bilim bölüminiň, ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda şaşka ýaryşy geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň arasyndaky ýaryş Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp, onda ýaşlara ukyp-başarnygyny görkezmäge ajaýyp şertler döredildi. Şaşka ýaryşynyň netijesi boýunça etrapdaky 42-nji orta mekdebiň topary birinji, 41-nji orta mekdebiň topary ikinji, 23-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelemegi başardylar.

Türkmenistan — sport ýurdy

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Gök­de­pe et­ra­by­nyň Ba­ba­rap oba­syn­da­ky Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ýaş Olim­pi­ýa­çy­la­ry taý­ýar­la­ýan sport mek­dep-in­ter­na­tyn­da ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da ki­çi fut­bol bo­ýun­ça Ahal we­la­ýa­ty­nyň bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di. Ýa­ry­şa we­la­ýa­tyň şä­her we et­rap­la­ryn­dan 6 to­par gat­naş­dy.

Tür­gen­le­ri sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň «Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty» sport top­lu­myn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, al­tyn me­dal­la­ry ga­za­nan tür­gen­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Ola­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň adyn­dan sow­gat­lar, şeý­le-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy” at­ly ki­ta­by gow­şu­ryl­dy.

Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li we­lo­si­ped­li ýö­riş ge­çi­ril­di

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýe-sport, sag­dyn dur­muş we me­de­ni mak­sat­ly çä­re­le­ri ge­çi­ril­di. Bu çä­re­ler jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni iş­jeň or­naş­dyr­mak, ösüp gel­ýän ýaş nes­li sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň­den çek­mek, ra­ýat­la­ry­my­zyň be­den sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, ada­myň öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak mak­sa­dy bi­len gu­ral­ýar.

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy Aşgabat, 7-nji aprel (TDH). Şu gün Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu senäniň her ýyl uly ruhubelentlikde giňden bellenilmegi watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsi bolup durýar.