Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany

8 Aprel 2024
919

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sport we bedenterbiýe ulgamynyň binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Netijede, köpçülikleýin bedenterbiýe, sport-sagaldyş hereketi giň gerime we uzak möhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe boldy.

Asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda şatlyk-şowhuna beslenen medeni we köpçülikleýin sport çäreleri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hem uly ruhubelentlik bilen geçirildi. Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi hem-de onuň garamagyndaky ähli sport edara-guramalarynda şanly sene mynasybetli çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy.

Annageldi SEÝISOW,
Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň baş hünärmeni.