HABARLAR

IŇ KÖP PUL GAZANAN TENNISÇILER

«Forbes» žurnaly taryhda ýaryşlardaky ýeňişleri arkaly iň köp pul baýragyny gazanan tennisçileriň reýtingini düzdi. Mahabatdan düşen girdejiler hasaba alynmazdan, diňe pul baýragy esasy düzülen sanawda hümmetsizlenme hem göz öňünde tutulypdyr. Mysal üçin, 1985-nji ýylda gazanylan 100 müň amerikan dollary möçberindäki pul baýragy häzirki hümmet boýunça 300 müň 694 amerikan dollary diýlip hasaplanypdyr. Şeýlelikde, sanawyň birinji basgançagyndan 211 million 397 müň amerikan dollarlyk görkeziji bilen serbiýaly Nowak Jokowiç orun alypdyr. Şeýle-de ilkinji üçlükde şweýsariýaly Rožer Federeriň (171 million 785 müň amerikan dollary) we ispaniýaly Rafael Nadalyň (162 million 526 müň amerikan dollary) ady bar.

TÜRKMEN TÜRGENLERI ŞU GÜN DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDAKY ÇYKYŞLARYNA BAŞLARLAR

Şu günler Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde Agyr atletika boýunça 89-njy dünýä çempionaty geçirilýär. Onda dünýäniň dürli künjeginden bolan türgenler erkekleriň we zenanlaryň arasynda umumylykda 20 agram derejesi boýunça medallar toplumy üçin göreşýärler. Dünýä birinjiliginde Türkmenistana 7 türgen wekilçilik edýär. Mansur Rejebowyň tälim bermeginde ýaryşa gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndysynyň türgenleri şu gün öz çykyşlaryna başlarlar. Has takygy, şu gün — 9-njy dekabrda erkekleriň arasynda 73 kilograma çenli agram derejesinde birbada iki ildeşimiz Bunýad Raşidow we Bektimur Reýimow, zenanlaryň arasynda bolsa 59 kilograma çenli agram derejede Ýulduz Jumabaýewa bilekleriniň güýjüni barlarlar. Şeýle-de 81 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşa gatnaşýan Gaýgysyz Töräýew 10-njy dekabrda, 96 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän Resul Rejebow 12-nji dekabrda, 102 kilograma çenli agram derejesinde ýurdumyza wekilçilik edýän Şahzadbek Mätýakubow we Dawranbek Hasanbaýew dagy bolsa 13-nji dekabrda medallar üçin güýç synanyşarlar. Türkmen türgenleriniň çykyşyny 15-nji dekabrda 109 kilogramdan ýokary derejede Atajan Daýyýew jemlär.

«ARKADAG» TOPARY — TÜRKMENISTANYŇ NAÝBAŞY UBOGYNYŇ EÝESI

«A r k a d a g » topary futbol boýunça T ü r k m e n i s tanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy. Naýbaşy kubogy almak ugrundaky oýun Balkanabat şäherinde geçirilip, onda geçen möwsümde Türkmenistanyň çempiony we Kubogyň eýesi bolan «Arkadag» topary Kubogyň geçen ýylky finalçysy «Ahal» bilen güýç synanyşdy. Duşuşyk 3:1 hasabynda Arkadag şäheriniň adybir toparynyň peýdasyna tamamlandy. «Arkadag» toparynyň düzüminde Şamämmet Hydyrow (14, 29) we Şanazar Tirkişow (22) tapawutlandy. «Ahalyň» ýeke-täk jogap goly bolsa 75-nji minutda Yslam Annamyradowyň adyna ýazyldy.

ÝYLYŇ IŇ GOWY MMA TÜRGENLERI SAÝLANDY

Ýarymagyr agramda «UFC-niň» çempiony Aleks Pereýra MMA boýunça 2024-nji ýylyň iň gowy türgeni hökmünde ykrar edildi. Ol bu ugurda geçirilen ses berlişikde dalaşgär görkezilen ildeşleri Aleksandr Pantoja we Henan Ferreýra, Günorta Afrika Respublikasyna wekilçilik edýän Drikus Dýu Plessi hem-de russiýaly Islam Mahaçýew dagydan öňe saýlanmagy başardy. Zenanlaryň arasynda ýeňil agramda «UFC-niň» çempiony hytaýly Weýli Çžan «ýylyň iň gowy MMA türgeni» diýen ada mynasyp görüldi. Ýeri gelende bellesek, Aleks Pereýra şu ýyl üç gezek oktagona çykyp, şolaryň ählisinde nokaut arkaly ýeňiş gazandy.

ŞU GÜN TÜRKMENISTANYŇ ÝYGYNDYSYNYŇ AZIÝANYŇ KUBOGYNYŇ SAÝLAMASYNDAKY GARŞYDAŞLARY BELLI BOLAR

Şu gün Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň üçünji saýlama tapgyryna bije çekiler. Bije çekişlik biziň wagtymyz bilen sagat 12:00-da başlanar. Bijäniň netijelerine laýyklykda, Türkmenistanyň ýygyndysynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli bolar. Biziň milli ýygyndymyz bijä ikinji sebetçeden gatnaşýar. Ýeri gelende bellesek, Aziýa Kubogynyň üçünji saýlama tapgyrynda 24 ýygyndy 6 toparça bölünip (her toparçada 4 ýygyndy), özara güýç synanyşar. Her toparçadan diňe birinji ýeriň eýesi yklym birinjiliginiň final tapgyryna ýollanma alar.

Sport. Dostluk. Bagtyýarlyk

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 TMÝG-niň Baý­ra­ma­ly et­rap Ge­ňe­şi hem-de Baý­ra­ma­ly et­ra­by­nyň 24-nji or­ta mek­de­bi­niň mu­gal­lym­la­ry, okuw­çy­la­ry bi­len bi­le­lik­de «Sport sag­dyn ýa­şaý­şa bo­lan hö­wes­dir» at­ly şy­ga­ry bi­len küşt bo­ýun­ça bäs­le­şik ge­çi­ril­di. Mek­dep­de bi­lim al­ýan ýaş­lar çe­ke­le­şik­li bäs­leş­di­ler. Gy­zyk­ly ge­çen bäs­le­şik­de ta­pa­wut­la­nan okuw­çy­la­ra TMÝG-niň Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Baý­ra­ma­ly et­rap Ge­ňe­şi­niň adyn­dan Hor­mat hat­la­ry gow­şu­ryl­dy.

Fijital sport

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 In­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň sport ul­ga­my bi­len ara­bag­la­ny­şy­gy has-da ulu­dyr. Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hem teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň spor­ta öz tä­si­ri­ni ýe­ti­rip, bi­le­lik­de bi­te­wi saz­la­şy­gy dö­ret­me­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Se­bä­bi döw­rüň ösü­şi­ne la­ýyk­lyk­da yn­san aňy hem ös­ýär. Yn­san aňy­ny kä­mil­leş­dir­mek­de spor­tuň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Sport jem­gy­ýe­ti­mi­ziň sag­dyn­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän we has-da kä­mil­leş­ýän gym­mat­lyk­dyr. Uzak gel­je­gi na­zar­la­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­myz tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň spor­ta or­naş­ma­gy ne­ti­je­sin­de fi­ji­tal we ki­bers­por­tuň dö­re­me­gi­ne ge­tir­di.

Başarnykly ýaşlar

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Ýaş­la­ryň we ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da Bal­kan we­la­ýa­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň uşu fe­de­rasiýa­sy­nyň açyk çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Ýa­ryş Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nis­tr­li­giň ýa­nyn­da­ky «Awa­za» sport top­lu­my­nyň ba­şa-baş gö­reş za­lyn­da ge­çi­ril­di. Bu ýa­ry­şa Türk­me­nis­ta­nyň äh­li kün­jek­le­rin­den tür­gen­ler gat­naş­dy­lar. Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň 3-nji sport mek­de­bi­niň uşu bo­ýun­ça baş tä­lim­çi­si Re­jep­mäm­met Ne­pe­so­wyň hem-de Ju­ma­my­rat Gar­ly­ýe­wiň okuw­çy­la­ry üs­tün­lik­li çy­kyş edip, öz zäh­met çek­ýän sport mek­dep­le­ri­niň ýe­ňi­ji bol­ma­gy­na go­şant­la­ry­ny goş­du­lar. 2008-nji ýyl­da dog­lan Jeý­hun Gar­ly­ýew, 2010-njy ýyl­da dog­lan Ba­ba­my­rat Ju­ma­ýew, 2011-nji ýyl­da dog­lan Aý­za­da Gar­ly­ýe­wa, 2011-nji ýyl­da dog­lan Me­kan Mä­mi­ýew, 2012-nji ýyl­da dog­lan Eziz Sa­par­gel­di­ýew da­gy hor­mat mün­be­ri­niň iň ýo­ka­ry ga­ty­na çyk­ma­gy ba­şar­dy­lar.

Sport — sagdyn durmuşyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Saglygy goramakda, berkitmekde sportuň, bedenterbiýäniň ähmiýeti diýseň uludyr. Ýurdumyzda saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryny ösüşlere beslemek üçin döwlet ähmiýetli köptaraply işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar. Nesil saglygy baradaky meselä türkmen halky mydama örän eserdeň garapdyr. Ýaşaýyş üçin howanyň, suwuň, iýmitiň zerur bolşy ýaly, sagdyn ruhy gurşaw hem şahsyýetiň kemala gelmeginde iň zerur zatlaryň biri hasaplanylýar. Bu gurşaw bolsa sagdyn ruhly adamlar tarapyndan döredilýär. Sagdyn ruh adamda, ilkinji nobatda, sagdyn pikirleriň netijesinde döreýär. «Adam üçin durmuşda iň uly we iň esasy baýlyk näme?» diýlip soralanda, hemmämiziň «Saglyk» diýip jogap berjegimiz gümansyzdyr. Saglygy berkitmek, hemişe beden gözelligini, şähdaçyklygy, ruhubelentligi saklamak üçin sport bilen meşgullanmak iň bir ygtybarly serişde hasaplanylýar. Saglygyň sportdan gözbaş alýandygy dünýäde ykrar edilen hakykat. Şonuň üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişel

Sport maşklarynyň saglyga peýdasy

Sport maşklary saglygy berkitmek, adamyň hereket ukyplaryny kämilleşdirmek, güýjüni, çeýeligini, çydamlylygyny ösdürmek üçin ýörite saýlanyp alnan beden maşklaryň toplumydyr. Esasan hem sportuň gimnastika görnüşinde köp sanly dürli görnüşli maşklar ulanylyp, olaryň hersi belli bir wezipäni ýerine ýetirýär. Bedeniňi we işjeňligiňi ösdüriji umumy maşklar, ýönekeý erkin maşklar, amaly maşklar, ýöremek, ylgamak, bökmek ýaly maşklaryň görnüşleri adamyň bedeniniň umumy ösüşine ýardam berýär, saglygyny berkidýär, iş öndürijiligini ösdürýär, ruhuny galdyrýar. Ýörite gurallarda ýerine ýetirilýän maşklaryň, çeperçilik gimnastikasynda ulanylýan maşklaryň, diregli bökmek hem-de akrobatika maşklaryň kömegi esasynda adamlar öz bedeniniň owadan, sagdyn bolmagyny gazanýarlar. Gimnastika maşklary esasy bäş topara bölünýär. Esasy gimnastika — saglygy dikeltmek we umumy fiziki ösüşi gazanmak üçin mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar, okuwçylar we uly ýaşly adamlar bilen geçirilýän sapaklarda ulanylýar. Şeýle-de, esasy gimnastika adamda täze hereket endiklerini ösdürmek ýa-da has çylşyrymly hereketler üçin taýýarlyk maksady bilen geçirilýär. Esasy gimnastika ýöremek, ylgamak, bökmek, deňagramlyk maşklary, şeýle hem sport gimnastikasynda peýdal