Möhüm synag

7 Dekabr 2024
164

21 – 29-njy noýabr aralygynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen «3rd International President cup» atly halkara küşt ýaryşy mekdebimiziň ýetginjek küştçüleri üçin uly tejribe boldy.

Halkara küşt ýaryşy «A» we «B» derejelerde geçdi. «A» derejede FIDE-niň reýtingindäki utuklary 2250-den ýokary, «B» derejede bolsa 2250-den pes bolan küştçüler bäsleşdiler. 15 döwletden bolan güýçli küştçüleriň ençemesini bir ýere jemlän ýaryş diýseň dartgynlylygy bilen tapawutlandy. «A» derejede 120 küştçi bäsleşse, «B» derejedäki ýaryşa 132 türgen çykdy.

Zafar KURÝAZOW,
Daşoguz şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň instruktor-usulyýetçisi.