HABARLAR

Gyzykly küşt bäsleşigi

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi şatlykly, şowhunly günler bilen dowam edýär. Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaş nesilleriň wagtlaryny şadyýan hem-de peýdaly geçirmekleri üçin täsirli çäreler yzygiderli guralýar. Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Bagtyýar çagalyk» ady bilen sportuň küşt görnüşi boýunça geçiren bäsleşigimizem gyzykly boldy. Çagalaryň höwes bilen gatnaşmaklarynda geçen ýaryşda tapawutlananlara  ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Üstünlik hemraňyz bolsun!

22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde «Hemmeler üçin açyk oýunlar» şygary bilen geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabarada Türk­me­nis­ta­nyň Bedenterbiýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­, Mag­tym­gu­ly adyndaky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy­ çykyş edip, milli ýygyndy toparymyzyň türgenlerine şowly çykyş edip, Watanymyzyň ýaşyl Tuguny belentde parladyp, ýeňiş bilen dolanyp gelmekleri arzuw etdiler. Olim­piýa oýunlaryn­da agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ra emin­lik et­jek Türk­me­nis­ta­nyň Agyr at­le­ti­ka federasiýasy­nyň baş kä­ti­bi Ça­ry Mäm­me­dow hem-de ýur­du­my­zyň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag

Türkmen türgenleri Parižde gyzgyn garşylanyldy

Düýn Parižiň Şarl de Goll adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan sport wekiliýetini garşylamak dabarasy boldy. Bu ýere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň diplomatlary, Pariž Olimpiadasynyň guramaçylyk komitetiniň wekilleri, meýletinçiler we beýleki adamlar ýygnandylar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny göterip gelen meýletinçileriň uzyn hatarynyň öňünden geçen olimpiýaçy türgenlerimiziň dabaraly garşylanylmagy tolgundyryjy duýgulary döretdi. Wekiliýet agzalaryna duz-çörek hödürlenilip, öňde boljak iri sport baýramçylygynda üstünlikler arzuw edildi.

Ösüşleriň mekany

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekany hökmünde Ýer ýüzünde uly meşhurlyga, şan-şöhrata eýedir. Ýurdumyzda saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde gazanylýan üstünlikler berkarar Watanymyzyň dünýädäki ornuny yzygiderli berkidip, jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň barha rowaçlanmagyna itergi bolýar. Bu zatlar raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň sazlaşykly ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri saglyk merkezleri, sport toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Ak mermerli paýtagtymyzda hereket edýän Olimpiýa şäherçesiniň, Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. Munuň özi halkymyzyň sagdynlygy we bagtyýarlygy ugrundaky taýsyz tagallalaryň güwäsi bolup durýar.

Türgenlerimize belent ynam

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Sport ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde dünýä derejesinde ösdürilýär. Gözel paýtagtymyz ak mermerli Aşgabadyň görküne görk goşýan, sebitde deňi-taýy bolmadyk, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Olimpiýa şäherçesi guruldy. Ýurdumyzda türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda mynasyp çykyş edip, Döwlet tugumyzy belentde parlatmagy üçin ähli şertler döredildi». Ösüş-özgertmelere beslenen taryhy döwrümizde bu ugurda edilýän tagallalar berkarar Watanymyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekany hökmündäki şan-şöhratyny has-da belende göterýär. Üstümizdäki ýylyň maýynda paýtagtymyzda geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäherini Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň kabul edilmegi hem ýönelige däl. Çünki ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alan Aşgabat dünýä derejeli sport desgalarynyň, iri sport toplumlarynyň jemlenen şäheridir. Munuň özi sebitiň sport merkezi hökmünde ykrar edilen Aşgabadyň giň sport mümkinçiliklerine eýedigini görkezýär.

Türgenlerimize ynamymyz uludyr

Halkymyzda döwletli işleriň başy başlananda, uzak ýola sapara gidilende birek-birege iň ýagşy arzuwlary aýtmak däbi gadymdan gelýän ýörelgeleriň biridir. Ynha, 22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy hem şeýle ýörelgeleriň döwrebap dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Her dört ýyldan bir gezek guralýan bu giň gerimli sport ýaryşlary Ýer ýüzüniň ähli künjeginden sport dünýäsiniň iň gowy wekillerini bir ýere jemleýär.

Halkara derejeli sport ýaryşlary — täze üstünliklere badalga

22-nji iýulda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryny XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenýär. Bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegine, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilmegine, şeýle-de sport boýunça halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine döwletimizde uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22-nji iýulynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryny şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Aşgabatda «Olimpiada — 2024-e» gatnaşýan türgenleri ugratmak dabarasy geçirildi

22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda 26-njy iýul – 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Her dört ýyldan bir gezek guralýan bu giň gerimli sport ýaryşlary Ýer ýüzüniň ähli künjeginden sport dünýäsiniň iň gowy wekillerini bir ýere jemleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara sport abraýyny belende götermek, Parižde geçiriljek Olimpiadada türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmekleri üçin hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi. Olara laýyklykda, milli ýygyndy toparymyzy XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça maksatnama işlenip taýýarlanyldy hem-de guramaçylyk komiteti döredildi.

«Bagtyýar nesildäki» sport ýaryşlary

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň tomusky dynç alyş möwsüminiň guramaçylykly dowam edýän günlerinde welaýatymyzyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dürli sport ýaryşlary geçirilýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat we şäher komitetleriniň guramagynda «Sagdyn nesil – kuwwatly Watan» ady bilen geçirilen sport ýaryşlary ýokary ruhubelentlige beslendi. Merkeziň sport meýdançasynda sportuň kiçi futbol, basketbol, woleýbol görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlarda bagtyýar nesiller toparlara bölünip, özara ýaryşdylar. Ýaryşlaryň dowamynda merkezde dynç alýan çagalar özleriniň sporta bolan höwesini açyp görkezdiler. «Şatlyk» hem-de  «Şowhun» toparlarynyň arasynda geçirilen ýaryşlarda jemi utuk sany boýunça «Şowhun» topary ýeňiş gazandy. Merkeziň oýun zalynda geçirilen sport çärelerine bagtyýar çagalar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Sport ýaryşlaryna we çärelerine işjeň gatnaşan çagalara TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Welaýatymyzyň açyk çempionaty

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, wagyz etmek boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň türgenleri döwlet we halkara derejede geçirilýän dürli sport ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Golaýda Köneürgenç etrabynyň 2-nji sport mekdebinde sportuň uşu görnüşi boýunça welaýatymyzyň açyk çempionatynyň geçirilmegi-de türgenleriň sport ussatlyklaryny artdyrmaklaryna uly mümkinçilik berip, sportuň bu görnüşini wagyz etmekde, ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy. Bu ýaryşa ýurdumyzyň ähli künjeginden 2007-2014-nji ýylda doglan ýaş ýetginjekler gatnaşdylar. Örän çekeleşikli geçen ýaryşda ýaş türgenler öz ussatlyklaryny görkezdiler. Ýeňijilere etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň  adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.