HABARLAR

Sport syýasatynyň gadamlary

Üstünlige ýetilýär Arkadag Prezidentimiz ilatyň saglygyny goramakda we berkitmekde bedenterbiýe we sporty ösdürmegiň möhüm ähmiýetine uly üns berýär. Sebäbi, sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolup durýar. Şonuň üçinem milli Liderimiz ilaty, öňi bilenem, ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmek bilen bähbitli tagalla badalga berdi. Ajap eýýamymyzyň ýyllarynda sporty ösdürmekde ýetilen sepgitler, gazanylýan ýeňişler milli Liderimiziň öňe süren türkmen sportuny ösdürmegiň syýasatynyň gadamlarynyň batlanýandygyny äşgär edýär. Şol bir wagtda bu syýasatyň rowaçlanmagynyň ilatyň saglygyny goramakda, sagdyn durmuşyň dabaralanmagynda aýgytly ädimdigini bellemelidiris.

Woleýbol ýaryşy geçirildi

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde woleýbol boýunça ýaryş geçirildi. Etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň etrap bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa ýaş türgenlerden düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Ýaryş diýseň çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Onda «Bathyz», «Ahal», «Berkarar» toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar dartgynlylygy bilen tapawutlandy. Gyzykly geçen ýaryşda «Ahal» toparynyň woleýbolçylary garşydaşlaryndan üstün çykyp, baýrakly birinji ornuň eýesi boldy. Ýaryşyň 2-nji, 3-nji baýrakly orunlaryna degişlilikde «Bathyz» we «Berkarar» toparlary eýe boldy.

Ekoulag: saglyk bilen tükeniksiz lezzet

Ekologiýa hiç-hili zyýan ýetirmeýän iki tigirli ulagyň — welosipediň üstünde oturan ýeriňden ýetişibildigiňden onuň çarhlaryna bat berýärsiň. Tizligiň bolsa barha artyp barýar. Özüňi aýna ýaly tekiz ýoldan ýüzüp barýan mysaly duýýarsyň. Badyň gowşanok. Ümzügiň bolsa öňe, gollaryň berdaşlanyp, üznüksiz hereketlenýän aýaklaryň gujurlanyp, süňňüňe güýç-kuwwat inen ýaly has-da hyjuwlanýarsyň. Şol pursat özüňi ýelgamak deý ýeňil duýup, dem alyş ýollaryň giňäp, tükeniksiz lezzete berleniňi duýman galýarsyň. Şeýle başdan geçirmelere geçen hepdäniň çarşenbe güni, ýagny, Bütindünýä saglyk gününde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşanymyzda eýe bolduk. Yzygider meşgullanmasamam, şol günki welosipedli ýöriş göwnümi galkyndyryp, ruhumy belende göterip, döredijilik äleminde täzeçilliklere ataryp, durmuş ýodasynda ýaşaýşa bolan höwesimi artdyrdy. Bedenimiň berkemegine has-da itergi berdi. Megerem, bu ýöriş oňa gatnaşan beýleki ençeme ildeşlerimizde-de şeýle täsirleri galdyran bolsa gerek. Ömrüni sportuň welosipedli görnüşine baglanlar hakda-ha gürrüň ýok.

Lukmanlaryň bäsleşigi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşy welaýat saglygy goraýyş müdirligi hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşi bilelikde guradylar. Sportuň ähli görnüşleriniň ynsan saglygyna peýdasynyň uludygy hemmä mälim. Şol sanda stoluň üstünde oýnalýan tennis hem beden myşsalaryny herekete getirip, ýürek, dem alyş ýollarynyň işleýşini sazlaşdyrýar. Şeýle-de diňe bedeniň içki agzalarynyň işini kadalaşdyrman, eýsem, adamyň daş keşbini hem gözelleşdirýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlar syrdam, görmegeý bolýarlar.

Sport baýramçylygynyň joşguny

ÖŇŇIN Bütindünýä saglyk güni ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem giňden bellenip geçirildi. Etraplarda we Tejen şäherinde bu sene mynasybetli medeni, sport-sagaldyş çäreleri, dabaraly maslahatlar ýaýbaňlandyryldy. Köpçülikleýin welosipedli ýörişler bolsa, baýramçylyk dabaralaryna baý many öwüşginini goşdy. Welaýat derejesindäki esasy baýramçylyk dabaralary köpçülikleýin welosipedli ýörişden başlandy. Şonuň bilen baglanyşykly, ýörişe gatnaşyjylar ir säher bilen Ak bugdaý etrabynyň çägindäki dag tebigatynyň gözel künjegi bolan Bagabat jülgesine ýygnandylar. Dag jülgesinden welaýat merkezine alyp barýan ýoluň ugrunda gurnalan «Badalga» diýen ýazgyly arkanyň ýanyna ýygnanan ildeşlerimiz üçin daş-töwerekdäki gözellikleri synlamak, baharyň hoştap howasyndan dem almak has-da ýakymlydy. Welaýatymyzyň aýdym-saz, birleşen dutarçylar toparlarynyň joşup ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyň owazy bolsa, ýaz säheriniň jana ýakymly şemalyna sazlaşyp, has uzaklara ýaň saldy hem-de welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň ruhuny belende göterdi. Şeýle göwün göteriji pursatlarda welosipedli ýörişe badalga berildi.

Sport — dostlugyň ýoly

Eziz Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda parahatçylygyň belent maksatlarynyň hem-de ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär. Dostlugyň we ynanyşmagyň başlangyjy bolan sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan belent güýje öwrüldi. Eziz Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrunda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Halkymyzyň saglygy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyz bedenterbiýäni hem-de sporty jemgyýetimizi, halklary jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýçdügini belleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak ugrundaky işler giň gerim bilen alnyp barylýar. Bedenterbiýe we sport saglygyň, gözelligiň, ruhy baýlygyň girewi bolup durýar. Şoňa baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli sporty ösdürmek, sport ulgamynda halkara guramalary bilen netijeli h

Sagdynlygyň gözbaşy

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň Watany

Türkmen sporty jahana dolýar

Hormatly Arkadagymyzyň döredijilikli gözlegleriniň netijesinde berkarar bolan türkmen paýtagtynyň beýik ösüşleri, ýaşaýjylar we myhmanlar bilen bagly amal edilýän döwrebap ölçegler, şertler bu gün dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. arassa hem owadan, ýaşaýjylar we myhmanlar üçin örän amatly, binagärlik taýdan has kämil ak şäher hökmünde giňden tanalýan paýtagtymyzda sport ulgamynda amala aşyrylýan beýik işler aýratyn guwandyryjydyr. Aşgabatda gurlan Olimpiýa şäherçesi bolsa bu ugurda amal edilen beýik işleriň öňdäki hatarynda durýar. Bu şäherçede birnäçe görnüşli sport bäsleşiklerini, şol sanda iri halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin halkara olimpiýa oýunlaryny geçirmegiň kadalaryna doly laýyk gelýän iri sport desgalarynyň birnäçesi bar.

Meşhur türgen ýene-de boksa dolanýar

Asly Meksikadan bolan amerikaly boksçy Oskar de la Hoýa ýene-de özüniň söýgüli sportuna dolanmakçy bolýar. 48 ýaşyndaky boksçy 13 ýyllyk arakesmeden soň ringe dolanar. «Altyn çaga» lakamly boksçy 2000-nji ýyllaryň başlarynda uly meşhurlyk gazanypdy. Onuň täzeden ilkinji duşuşygyny Los Anjeles şäherinde 3-nji iýulda Floýd Meýwezer bilen geçirmegine garaşylýar. Özüniň sport ýolunda 45 duşuşyk geçiren Oskar de la Hoýa şolaryň 39-synda ýeňiş gazanypdy. Ýeňişleriniň 30-syny hem nokaut bilen almagy başaran boksçy 6 gezek ýeňlişe sezewar boldy. 1992-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynda altyn medala mynasyp bolan Oskar de la Hoýa özüniň sport ýolunda 6-njy görnüşdäki agram derejesinde 11 çempionlyk gazandy. Ol soňky duşuşygynda 2008-nji ýylda filippinli meşhur boksçy Menni Pakiýao bilen tutluşyp, garşydaşyndan asgyn gelipdi.