HABARLAR

Sagdyn bedende — sagdyn ruh

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebiň sport zalynda ýaş bilim işgärleriniň arasynda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ylymlar gününe bagyşlanan çäreleriň üstüni ýetiren bu ýaryş uly gyzyklanma eýe boldy. Ýurdumyzda sporta, bedenterbiýä berilýän üns-aladalardan ugur alyp, bilim işgärleriniň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak hem-de Ylymlar gününi dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen ýaryş mekdep mugallymlaryna ukyp-başarnygyny görkezmäge özboluşly mümkinçilik boldy. Ýaryş güýçli toparlary öňe saýlady. Netijede etrapdaky 1-nji orta mekdebiň topary birinji, ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiň topary ikinji, ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy.

Mekdep mugallymlary ussatlygyny görkezdi

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikdäki meýilnamasy esasynda mekdep mugallymlarynyň arasynda etraplarda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşlar geçirildi. Sarahs etrabyndaky 1-nji orta mekdepde geçen ýaryşa etrapdaky orta mekdepleriň aglabasyndan toparlar gatnaşdy. Ylymlar gününe bagyşlanan bu ýaryş uly gyzyklanma döredip, sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşiniň bilim işgärleriniň arasynda meşhurlyga eýedigini görkezdi. Ýaryşyň netijesinde etrapdaky 1-nji orta mekdebiň mugallymlary birinji, 21-nji orta mekdebiň mugallymlary ikinji, 18-nji orta mekdebiň mugallymlary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere hormat hatlary we ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Täzeçilligiň we sport äleminiň şäheri

Merjen paýtagtymyzyň her ädiminde, her tutumynda müň bir täzeçillik bar. Ýakynda ak şäherimiz «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlen täze derejäniň eýesi boldy. Bu dereje merjen paýtagtymyza Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy tarapyndan berildi. Mälim bolşy ýaly, geçen aýda bu guramanyň Hökümet Geňeşiniň nobatdaky mejlisi paýtagtymyzda geçirildi. Möhüm çözgütlere baý bolan şol mejlisde hem Aşgabady «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky çözgüt kabul edildi.

Harby talybyň sport üstünligi

Ýaňy-ýakynda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça Özbegistan Respublikasynda Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirildi. Bu ýaryşa türkmen türgenleri hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyby Abdyrahman Nurgeldiýew hem bu çempionata gatnaşyp, oňat netijeleri görkezdi. Türkmen türgenleri şeýle halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, ýaşyl Tugumyzy belentde parladýarlar. Bu bolsa ýurdumyzyň sport äleminde abraý-mertebesiniň has-da belende göterilýändiginiň beýany bolup durýar.

Sport äleminde şöhratly şäher

Ömürlere bezeg berýär sport hem-de sagdynlyk

Ýurdumyzda sportuň ösmegi hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň ýaýbaňlanmagy üçin döredilen şert-mümkinçilikler bagtyýar raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerini hemişelik hemra edinmeklerinde möhüm ähmiýetlidir. Diýarymyzyň şäherlerine, şäherçelerine, obalaryna bezeg berýän döwrebap sport desgalary sporty söýýänleriň, aýratyn-da, ýaş nesliň iň bir gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Munuň özi döwlet derejesindäki ägirt uly aladalaryň netijesinde, bedenterbiýäniň we sportuň jemgyýetimiziň umumy medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Halkyň saglygyny hemmetaraplaýyn goramak we berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de netijeli sporty ösdürmek, zyýanly endiklere garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň hataryndadyr. Sporty ösdürmekde, olimpiýa hereketini wagyz etmekde ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işlere dünýä jemgyýetçiligi ýokary baha berýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň paýtagtymyzda geçirilen mejlisiniň Çözgüdine laýyklykda, Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi munuň nobatdaky buýsançly subutnamasyna öwrüldi. 

Sport. Sport. Sport.

Ýaş türgeniň ýeňişli gadamlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işlere badalga berilýär. Gözel Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen we berilýän döwrebap stadionlar, sport desgalary we sport mekdepleri ilatyň, aýratynam, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin amatly şertleri döredýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlary sporta çekmekde taýsyz tagallalar edilýär. Olara dürli ýaryşlara gatnaşyp, ýaşyl Tugumyzy dünýä ýüzünde parlatmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda tälimçiler hem yhlasly zähmet çekýärler. Dürli ýaryşlara gatnaşyp, türkmen sportunyň abraýyny belende göterýän türgenleriň sany barha artýar.

Ýaşlar kiçi futbolda bäsleşdi

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Biz şadyýan nesiller» ady bilen kiçi futbol ýaryşy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda bolan ýaryşda merkezde dynç alýan çagalardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Merkeziň futbol meýdançasynda giň gerim alan ýaryşda çagalar ukyp-başarnygyny görkezdiler. Çekeleşikli duşuşyklaryň netijesinde “Bagtyýarlyk” topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Merkezde guralan ýaryş

Gökdere jülgesindäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Gökdepe we Bäherden etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda meýilnama esasynda gyzykly sport çäreleri geçirildi. Merkezde dynç alýan çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýaş nesliň sporta höwesini artdyrmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş örän gyzykly boldy. Onda çagalar hereketli oýunlar we tanap çekmek boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler.

Gözelligiň gözbaşy

Ýurdumyzda sportuň welosiped görnüşine aýratyn üns berilýär. Paýtagtymyzy bezäp oturan Olimpiýa şäherçesinde Welotrek binasynyň bolmagy, paýtagtymyzda ajaýyp «Welosiped» binasynyň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleri adamlara öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge we olary durmuşa ornaşdyryp, üstünlikleri gazanmaga ýardam edýär. Yzygiderli geçirilýän türgenleşiklerdir sport maşklary adamyň saglygyna we özüni duýşuna oňyn täsir edýär, ol kesellere garşy durnuklylygy pugtalandyrýar, häsiýetini taplaýar, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, özüňe bolan ynamy berkitmek ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Şeýle hem, welosipedli gezelençler tutuş maşgala üçin boş wagtyňy netijeli geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär. Welosipedli sport bilen meşgullanmak adam bedeniniň sowuklama we beýleki kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Şu jähetden, lukmanlar ony durmuş endigine öwürmegi maslahat berýärler. Welosiped sürmek ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny ep-esli azaldýar hem-de dem alyş ulgamyna oňyn täsir edip, öýkeniň kadaly işlemegine ýardam berýär. Welosiped sürlende, myşsalar türgenleşýär, bedende gan aýlanyşygy gowulanýar. Yzygiderli welosipedli türgenleşikler bedende madda çalşygy