HABARLAR

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplygyň hukuk esaslaryna daýanyp, halkara gatnaşyklaryny barha berkidýän ýurdumyz durnukly ösüşiň, bagtyýar raýatlaryň Watany, halkara sport ýaryşlarynyň merkezi hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelen hoş habar ýurdumyzyň günsaýyn artýan halkara abraýynyň ykrar edilmeginiň, ylalaşdyryjylygyň, döredijiligiň daşary syýasy ugruny işjeň we maksada gönükdirip amal edýändiginiň, hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň netijelidiginiň aýdyň tassyknamasy boldy. Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň halkara başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginde goldanylmagynyň esasy wajyp tarapy onuň halkara hukugynyň ösüşine mynasyp goşant bolup durýandygyndadyr. Bu resminamanyň awtordaşy hökmünde dünýäniň 87 döwletiniň çykyş etmegi, bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçilik tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürme

Çekeleşikli geçdi

«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çägindäki kiçi futbol ýaryşynyň Sarahs etrap tapgyry çekeleşikli duşuşyklara baý boldy. Etrapdaky 27-nji orta mekdebiň futbol meýdançasynda bolan ýaryşda orta mekdepleriň toparlary sport ussatlyklaryny görkezdiler. Ýaryşyň esasy maksady ýaşlary sporta giňden çekmekden, sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmakdan we güýçli toparlary ýüze çykarmakdan ybarat boldy. Duşuşyklaryň netijesinde etrapdaky 25-nji orta mekdebiň topary birinji orny eýeläp, ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ikinji orna 26-njy orta mekdebiň, üçünji orna 27-nji orta mekdebiň topary mynasyp boldy.

Kiçi futbol ýaryşy

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň futbol meýdançasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäginde kiçi futbol ýaryşynyň etrap tapgyry geçirildi. Oňa orta mekdepleriň 8-9-njy synp okuwçy oglanlaryndan düzülen toparlar gatnaşdy. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrabyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen ýaryşda okuwçy ýaşlar öz aralarynda güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde etrapdaky 1-nji orta mekdebiň topary birinji, ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiň topary ikinji, 27-nji orta mekdebiň topary üçünji orny eýeledi. Birinji orna mynasyp bolan topar ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

«Ashgabat Open 2024»: ýaş tennisçilere uly ynam

Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler, döredilýän giň mümkinçilikler ýaşlaryň sport üstünliklerine eýe bolmagyny üpjün edýär. Esasan hem, ýurdumyzda iri halkara ýaryşlary geçirilip durulýar. Şonuň üçin Türkmenistan dünýäde sportuň we bedenterbiýäniň ösýän ýurdy, halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezi hökmünde tanalýar. Ynha, şeýle sport baýramçylygynyň biri-de paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýär hem-de dünýäde uly gyzyklanma döredýär. «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryş Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumynda geçirilýär. Özi hem bu ýaryşa dünýäniň ençeme döwletlerinden eminleriň, tälimçileriň, türgenleriň gelendiklerini bellemek gerek. Has takygy, halkara ýaryşa Özbegistandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýran Yslam Respublikasyndan, Täjigistandan, Malaýziýadan, Türkiýeden, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndan, Iordaniýadan, Hindistandan hem-de Gazagystandan türgenler gatnaşýarlar. Munuň özi ýurdumyzda geçirilýän iri sport ýaryşlarynyň ýokary derejä eýe bolýandygyny aýdyň beýan edýär.

Sagdynlygyň we gözelligiň çeşmesi

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Munuň özi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan döwletiniň alyp barýan sport syýasatynyň halkara derejede uly goldawa we abraýa eýedigini görkezýär. Söhbedi edilýän möhüm ähmiýetli resminamanyň kabul edilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz 25-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2-nji noýabrda Saglyk ýolundan geçmegi, ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanan türgenlerimizi sport üstünlikleri bilen gutlap, sylaglaryny gowşurmagy teklip etdi. Netijede, bellenilen gün döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Oňa gatnaşyjylaryň arasynda bu ýoly ylgap geçmek boýunça ýaryş guraldy. Şol gün hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, 6 müňden gowrak adam paýtagtymyzyň Saglyk ýoly boýunça köpçülikleýin ýörişe gatnaşdy.

Sportda dostlugyň güýji bar

Dünýä türkmenleriniň ata Watany bolan eziz Diýarymyzy häzirki wagtda Ýer ýüzüniň ähli halklary parahatçylygyň, dost-doganlygyň, gülläp ösüşiň, bitewüligiň hemişe dabaralanýan, pugtalanýan ojagy hökmünde ykrar edýärler. Dünýäniň iri guramalary döwletimiziň asylly başlangyçlaryny abadançylyga, adamzat bähbidine gönükdirilen çözgüt bilip oňlaýarlar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan mynasyp bellenilmegi, onuň ebedi mirasyny geljege ýetirmek babatda beýik işleriň amal edilmegi, türkmen paýhasy bolup, dananyň adynyň äleme aýlanmagy-da munuň aýdyň görkezijisidir. Geçen aýyň soňky ongünlüginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümi bolan owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň adybir futzal topary ýurdumyzda myhmançylykda boldy. Topar türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolan Änew topragynda iki — «Köpetdag», «Senagatbank» hem-de gadymy Merwde bolsa bir, ýagny Mary welaýatynyň futzal ýygyndy topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Ilkinji ýoldaşlyk oýny 25-nji oktýabrda Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde guraldy. Onda arkadaşlarymyz ýurdumyzyň «Köpetdag» futzal topary bilen duşuşyp, diýseň gyzykly hem-de çekeleşikli oýun

Türkmenistanda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşy badalga aldy

11-nji noýabrda paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçirilýän tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Ýaryşa Ýewropanyň we Aziýanyň 12 ýurdundan – Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Eýrandan, Iordaniýadan, Gazagystandan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan we Türkmenistandan türgenler gatnaşýarlar. Tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň açylyş dabarasy paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň düzümine girýän Tennis toplumynda guraldy.

Türkmenistanda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşy badalga aldy

11-nji noýabrda paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçirilýän tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Ýaryşa Ýewropanyň we Aziýanyň 12 ýurdundan türgenler gatnaşýar. Bu waka Aşgabadyň halkara sport merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýän bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň Halkara we Aziýa Tennis federasiýalary tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir. «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşyna Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Eýrandan, Iordaniýadan, Gazagystandan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan we Türkmenistandan türgenler gatnaşýarlar. Bu halkara ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredilip, onuň ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasy ta

Türkmenistanda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşy badalga aldy

Aşgabat, 11-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçirilýän tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Ýaryşa Ýewropanyň we Aziýanyň 12 ýurdundan türgenler gatnaşýar. Bu waka Aşgabadyň halkara sport merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýän bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň Halkara we Aziýa Tennis federasiýalary tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi giň gerime eýe boldy. Dürli ýaşdaky adamlaryň müňlerçesini özünde jemleýän köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ýokary netijeli sporty ösdürmäge, halkara derejeli sport ussatlarynyň, türgenleriň, degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär. Türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara, medallara, şol sanda altyn medal

Türkmenistanda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşy badalga aldy

11-nji noýabrda paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçirilýän tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Ýaryşa Ýewropanyň we Aziýanyň 12 ýurdundan türgenler gatnaşýar. Bu waka Aşgabadyň halkara sport merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýän bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň Halkara we Aziýa Tennis federasiýalary tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir.