Sportda dostlugyň güýji bar

12 Noýabr 2024
423

Dünýä türkmenleriniň ata Watany bolan eziz Diýarymyzy häzirki wagtda Ýer ýüzüniň ähli halklary parahatçylygyň, dost-doganlygyň, gülläp ösüşiň, bitewüligiň hemişe dabaralanýan, pugtalanýan ojagy hökmünde ykrar edýärler. Dünýäniň iri guramalary döwletimiziň asylly başlangyçlaryny abadançylyga, adamzat bähbidine gönükdirilen çözgüt bilip oňlaýarlar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan mynasyp bellenilmegi, onuň ebedi mirasyny geljege ýetirmek babatda beýik işleriň amal edilmegi, türkmen paýhasy bolup, dananyň adynyň äleme aýlanmagy-da munuň aýdyň görkezijisidir.

Geçen aýyň soňky ongünlüginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümi bolan owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň adybir futzal topary ýurdumyzda myhmançylykda boldy. Topar türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolan Änew topragynda iki — «Köpetdag», «Senagatbank» hem-de gadymy Merwde bolsa bir, ýagny Mary welaýatynyň futzal ýygyndy topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Ilkinji ýoldaşlyk oýny 25-nji oktýabrda Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde guraldy. Onda arkadaşlarymyz ýurdumyzyň «Köpetdag» futzal topary bilen duşuşyp, diýseň gyzykly hem-de çekeleşikli oýun görkezdiler. Netijede, oýun 10:6 hasapda «Köpetdag» futzal toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şunuň bilen baglylykda, «Magtymguly Pyragy» futzal toparynyň oýunçylary ata Watanyň sport üstünliklerine guwanýandyklaryny, ýoldaşlyk duşuşygynyň hemmeler üçin gymmatly tejribe bolandygyny bellediler. Oýun tamamlanandan soň, «Köpetdag» hem-de «Magtymguly Pyragy» futzal toparlarynyň oýunçylary bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Meýlis GARAJAÝEW,
«Türkmen dünýäsi».