Ýaşlar we sport
«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024 Häzirki ajaýyp döwrümizde sport durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şonuň üçin hem bu günki günde ýaşlar yzygider türgenleşýärler, bedeni taplaýarlar. Aslynda, sport sagdynlygyň gözbaşy hasaplanýar. Çünki sport bilen meşgullanýan adamyň ýürek urşy kadalydyr, şähdaçyk we işeňňir bolýandyr. Yzygider beden taýýarlygy keseliň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Fiziki, emosional durnuklylygy ýokarlandyrýar we bedeniň ösüşini çaltlandyrýar. Şeýle hem sport çagalaryň sagdyn ösmegine oňat ýardam edýär.