Bagy-bossanly Diýarym

22 Noýabr 2022
1371

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň çäginde güneşli Diýarymyzyň giň çäklerinde tokaý zolaklary emele gelýär, daş-töweregimiz bagy-bossanlyga bürenip, türkmen tebigaty barha baýlaşýar. Dürli görnüşli baglar, güller, bezeg ösümlikleri bu gün obalarymyzyň, şäherçedir şäherlerimiziň döwrebap keşbine özboluşly gözellik goşýar.

Ak mermerli Aşgabady we onuň eteklerini gurşap alan, al-ýaşyl öwşün atýan bagy-bossanlyk göreniň kalbyny heýjana getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň eziz Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatdaky başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bagy-bossanlygy döretmek boýunça asylly tutumlar has-da rowaçlanýar. Şu ýylyň güýzki bag ekmek möwsümine badalga bermek boýunça ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda hem merjen şäherimiziň gözel künjeginde müňlerçe agaç nahallary oturdyldy.

Şatlyk JUMABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.