Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky sizi hasaplaryňyzy döwrebap we ýönekeý usulda dolandyrmaga mümkinçilik berýän «Menzilara bank hyzmaty» ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar.
Bu hyzmat ulgamy size ýurdumyzyň islendik künjeginden internete birikdirilen enjam arkaly tölegleriňizi geçirmäge, hasaplaryňyzyň galyndysyny barlamaga we olaryň göçürmesini almaga, karzlaryň we depozitleriň töleg tertibini hem görmäge mümkinçilik berer. Bulardan başga-da, siz özbaşdak karz serişdelerine gözegçilik edip, bank bilen onlaýn tertipde habarlaşyp hem-de dürli görnüşli bank amallaryny ýerine ýetirip bilersiňiz.