Toý şatlygy ganatlandy

15 Sentýabr 2022
1910

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly ýaşlaryň ykbalynda hem täze sahypany açdy. Ýaş nesliň ylym-bilim, döredijilik kuwwaty döwlet dolandyrylyşynda aýratyn orna eýe boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda Arkadagly Serdarymyz: «Ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir»  diýmek bilen, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirdi.

Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar baradaky syýasatyndan ugur alyp, Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynda işleýän ýaş hünärmenleriň, hukuk hünäri boýunça okaýan talyplaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen,  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy «Adalat» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşigiň şertleri gazetde dolulygyna neşir edilen gününden beýläk redaksiýa hukuk goraýjy edaralaryň döredijilik bilen meşgullanýan ýaş hünärmenlerinden, şeýle-de hukuk hünäri boýunça okaýan talyplardan birnäçe dürli žanrlarda ýazylan eserler gelip gowuşdy. Eziz Watanymyzy, abadan, bolelin durmuşymyzy, hormatly Prezidentimiziň dünýä ähmiýetli tagallalaryny joşgunly wasp etmegi başarýan, çeper döredijilige ukyply zehinleriň ýüze çykmagyna ýardam eden bäsleşik şanly Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda jemlenip, öz ýeňijileriniň toý şatlygyny ganatlandyrdy.

«Adalat».