Türkmen topragynda dörän gadymy medeniýetleriň biri-de ekerançylyk medeniýetidir. Jemgyýetçilik aňynyň ösmegi bilen, ýaşaýşyň maddy esaslary hem döräpdir. Dagdan akan çeşme-çaýlar ekerançylygyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün edipdir. Kadaly we dogry suwarylan ýagdaýynda, ekerançylyk ýerlerinden, köp suw sarp etmezden, bol hasyl almak mümkinçiligi döräpdir. Bu şertler günorta Türkmenistanda oturymly ýaşaýşyň kemala gelmegine, ekerançylyk bilen meşgullanmaga ýol açypdyr.
Ylmy barlaglaryň netijesinde, miladydan öňki VI müňýyllyk — neolit döwri, şol wagta degişli ýadygärlikleriň biri Jeýtun bilen baglanyşdyrylyp, «Jeýtun medeniýeti» diýen ada eýe boldy. Neolit döwri arpa-bugdaý ekmek, laýdan jaý salmak, küýzegärlik önümlerini döretmek ýaly dünýä belli açyşlary bilen meşhurdyr. Eneolit döwri bolsa miladydan öňki V-IV müňýyllykda Köpetdagyň etegindäki zolakda oturymly ekerançylyk medeniýetiniň merkeziniň bolandygyny subut edýän, şol döwrüň ýadygärlikleriniň biri Änew bilen baglanyşdyrylyp, «Änew medeniýeti» diýlip atlandyryldy. Bu medeniýet 1904-nji ýylda Waşingtonyň Karnegi institutynyň professory Rafael Pampelliniň gadymy Änewde geçiren arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde açyldy. Şol gazuw-agtaryş işleri Änewiň demirgazygynda ýerleşýän depede medeni gatlaklaryň ikisiniň bolandygyny aýan etdi. «Änew medeniýeti» diýen adalga Rafael Pampelliniň 1908-nji ýylda Waşingtonda çap eden «Türküstandaky derňew işleri» we «Änewiň gadymy ösüşi» atly iki jiltden ybarat kitabynda ilkinji gezek ylmy dolanyşyga girizildi. Şeýlelik bilen, Änew medeniýeti dünýä möçberinde meşhurlyk gazandy.