Sungatyň sarpaly künjegi

13 Iýul 2022
1781

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde her bir günümiz toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyzda halkara parahatçylygy pugtalandyrmagyň, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň netijesinde gadymy sungatymyz, milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar. Parahatçylyk söýüjilikli halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryny, urp-adatlarynydyr öwüt-ündewlerini nesilden-nesle geçirmek maksady bilen ägirt uly maksatnamalaýyn işleriň amal edilýän ajaýyp Diýarynda sungatymyza we milli medeniýetimize belentden sarpa goýulýar.

Bilşimiz ýaly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz taryhy we medeni ýadygärlikleriň gadymy topragy. Munuň şeýledigine Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaý ýadygärlikler toplumynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň görnükli sanawyna girizilmegi-de aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem «Görogly» dessançylyk sungatynyň, Nowruz baýramynyň, Küştdepdi aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, ýaňy-ýakynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hödürlenen dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen sungatyna, türkmen medeniýetine goýulýan sarpanyň näderejede belentdiginiň dünýä derejesindäki delilleridir. Bu delilnama bolsa Türkmenistan ýurdumyzda, sungata sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşiň belent sepgitlerine ýetýändigini görkezýär. Sungatyň sarpalanýan, kämilleşýän Diýarynda bolsa, baky bagtyň gözbaşy — parahatçylyk bar.

Jennet RAHMANOWA,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.