Ata-babalarymyzyň açyklyk, myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly asylly ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan milli diplomatiýamyzyň binýadynda durýan gymmatlyklardyr. Şunda goňşy döwletler, hususan-da, Hazarýaka döwletler bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Şu ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy sammiti ýurdumyzyň baý taryhy tejribä esaslanýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň kämil nusgasyny bütin dünýä äşgär etdi. Ýokary derejeli duşuşygyň sebitiň gün tertibinde durýan derwaýys meseleler we mümkinçilikler boýunça düýpli pikir alyşmalaryň oňaýly meýdançasyny emele getirendigi bolsa buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.
Halkara gatnaşyklaryň nazaryýeti we taryhy nukdaýnazaryndan alanyňda, deňze çykalgasynyň bolmagy islendik döwlete geosyýasy taýdan giň mümkinçilikleri açýar. Bilermenleriň nygtaýşy ýaly, Gündogar bilen Günbatar siwilizasiýalarynyň özara gatnaşyklarynyň deňagramlylygyny üpjün etmekde wajyp orny eýeleýän Hazar sebiti energetika, ulag-aragatnaşyk babatynda ählumumy mümkinçilikleri baglaşdyryjy halka bolup, Ýewraziýa giňişliginde wajyp geosyýasy we geoykdysady merkezleriň biri hökmünde çykyş edýär.