Istemi han — meşhur türkmen serkerdesi

29 Iýun 2022
2110

Merdana halkymyz Oguz han döwründen bäri dünýä ýaň salan döwletleri, jahanşalyklary döredip, taryhda öçmejek yz galdyrypdyr. Gündogarda «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen aýtgynyň döremegi hem tötänden däldir. Parasatly pederlerimiz Oguz han atamyzdan dowam edip gelýän döwleti esaslandyrmak däplerini mynasyp dowam etdiripdirler. Şunda il-halkyň başynda öz döwrüniň görnükli serdarlary durupdyr. Olar syýasatdan, harby sungatdan ussatlyk bilen baş çykarypdyrlar. Şeýle beýik serkerdeleriň biri-de Göktürkmen döwletiniň esaslandyrylmagyna uly goşant goşan Istemi handyr.

Mälim bolşy ýaly, Göktürkmen döwletine degişli iň ygtybarly maglumatlar onuň hökümdarlary Bilge hanyň, Külteginiň hormatyna galdyrylan mazar daşlarynda ýazylyp galdyrylypdyr. Biz olary Oguz-orhon ýazgylary diýen at bilen bilýäris. Külteginiň we Bilge hanyň ýadygärlikleri 1889-njy ýylda rus alymy N.M.Ýadrinsew tarapyndan ýüze çykaryldy. Şol ýazgylarda Bumyn han bilen Istemi hanyň atlarynyň bir ýerde gelmegi hem göktürkmenleriň olaryň ikisini hem özleriniň nesilbaşylary hasap edendiklerini aýdyň görkezýär. Has takygy, Külteginiň we Bilge hanyň mazaryna daş galdyran Ýolly han daşyň ýüzüne: «Haçan-da ýokarda gök, aşakda ýer döredilende, bu ikisiniň arasynda adamzat nesli ýaradyldy. Adamzat nesliniň başynda meniň atam-babam Bumyn han we Istemi han oturdy» diýip ýazypdyr.

Maksat MEREDOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri.