Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň dürli künjeginde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Şol gün bu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzdaky akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňünde ajaýyp gül desseleri goýulýar. Şu gün, 27-nji iýunda şeýle dabara geçirilip, oňa Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewa, jemgyýetçilik gurmalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Munuň özi akyldar şahyrymyzyň döredijiligine we medeniýet, sungat işgärlerine goýulýan sarpanyň uludygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi.