Häzirki döwürde döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerdir şertler esasynda biziň obalarymyz şäherler bilen bäsleşýär. Ine, şeýle obalaryň biri-de, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginde ýerleşýän, bagy-bossanlyga bürenip oturan gadymy Döwdan obasydyr.
Döwdan obasynyň ady Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän kanalyň ady bilen baglanyşykly bolupdyr. Döwdan kanaly taryhdan belli bolşy ýaly, bol suwly kanal bolup, geografiki taýdan ýerleşişi boýunça suwarymly ekerançylykda, daýhanlara ekin ekmekde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Geçen asyrdan bäri Döwdan kanaly ýerli halkyň durmuşynda esasy orna eýe bolmak bilen, çeper edebiýatymyzda ýazyjy-şahyrlarymyzyň döreden eserlerinde hem öz beýanyny tapypdyr. Döwdan kanalynyň çeper eserlerde «Döwdan ýaby» diýlip atlandyrylan ýerlerine hem gabat gelmek bolýar.