Dünýä türkmenlreriniň ynsanperwer birleşigi daşary ýurtlardaky bölümleriniň ýurdumyzdaky köpçülikleýin we şahsy agzalarynyň şahamçalary bilen yzygiderli dürli çäreleri geçirýär. Şeýle çäreleriň biri ýakynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bolup geçdi. „Agzybirlik kalbymyzyň çyragy, parahatlyk döwrümiziň şygary“ atly bu çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen birlikde daşary ýurtly türkmen doganlarymyz gatnaşdylar.
Bäherden etraby özüniň taryhy ýadygärlikleri, şahslary, „Arçman“ , „Ýyly suw“ şypahanalary, „Köwata“, „Nowata“ ýaly jana melhem suwly kölleri bilen meşhurdyr. Olar baradaky rowaýatlary diňlemek hem gyzykly. Çäräniň dowamynda „Ak işan“ zyýarathanasyna zyýarat edilende, ol ýerde dünýäde parahatçylygyň, agzybirligiň, asuda asmanyň höküm sürmegi, ýagşy dilegler edildi. „Köwata“ ýerasty kölüne syýahat etmek hem diýseň täsirli boldy. Dag çeşmelerinden gözbaş alyp gaýdýan gudratly melhem suwlarynyň bu etrabyň topragynyň keramatlydygyndan, bu ýerde ady belli şahslaryň kemala gelendiginden habar berýändigi barada haýran galdyryjy rowaýatlar aýdyldy.