Dünýäniň şäherlerinde

9 Fewral 2022
2689

Sungata sarpa

Paýtagtymyz Aşgabat milli mirasymyzy ebedileşdirýän ajaýyp ýadygärlikleridir binalary bilen dünýäniň beýleki şäherlerinden tapawutlanýar. Şeýle ajaýyp ýadygärlikleriň biri hem paýtagtymyzyň «10 ýyl Abadançylyk» we Atatürk köçeleriniň merkezinde ýerleşen, milli saz sungatymyzyň nyşanyna öwrülen «Sungat» monumentidir. Binadaky milli saz sungatymyzyň nyşany bolan dutaryň we onuň owazyna jadylanan guşlaryň hem-de beýleki medeni gymmatlyklarymyzyň şekilleri örän sazlaşykly şöhlelendirilipdir. Binadaky suw çüwdürimlerinden şildiräp çykýan suw sesi bu ýere aýratyn mukam bagyşlaýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Ogulbagt SOLTANMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty.