Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» bütindünýä sergisi barha köp adamlary özüne çekýär. Geçen ýylyň oktýabryndan — halkara sergisiniň açylyşyndan bäri, oňa jemi 11 milliondan gowrak adam görmäge barypdyr, ýöne bu entek hemmesi däldir. Şol bir wagtda, sanly ulgam arkaly bu sergä 72 ýarym milliondan gowrak adam tomaşa edipdir. Dünýäniň 190 ýurduny bir ýere jemleýän bütindünýä sergisiniň çäginde biziň ýurdumyzyň sergi meýdançasy hem hereket edýär. Bu ägirt uly halkara gözden geçirişiň barşynda dürli maksatly çäreleriň 200-e golaýy guralýar. Bütindünýä sergisi öz işini şu ýylyň 31-nji martyna çenli dowam eder.