Häzirki wagtda Hytaýyň şäher binagärliginde tebigat gözelligini utgaşdyrmak ýörgünli däbe öwrülýär. Ýakynda bu ýurduň merkezi böleginde ýerleşen Huangan şäher okrugynda hem şeýle binalaryň ikisi ulanylmaga berildi. Beýikligi 80 metr bolan bu ýaşaýyş jaýlarynyň özboluşly ýerleşdirilen balkonlarynda baglar we dürli ösümlikler oturdylyp, olar binalara özboluşly gözellik berýär. Hasaplamalara görä, binalarda oturdylan baglar bir ýylyň dowamynda 22 tonna kömürturşy gazyny sorup, 11 tonna kislorod bölüp çykarýar diýlip çaklanylýar. Özboluşly dizaýnly binalar italiýaly binagärler tarapyndan işlenilip taýýarlanylypdyr.