«Türkmendermansenagat» birleşiginiň Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynda howpsuzlyk kadalarydyr öňüni alyş çäreleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan häzirki günleriň talabyna laýyklykda, dürli ululykdaky önümleriň 150-ä golaý görnüşi öndürilýär. Döwrebap kärhanada işçi-hünärmenleriň 300-e golaýy zähmet çekýär. Bu ýerde ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy enjamlar ösen döwletleriň derejesinde ýokary hilli önümleriň ýylda 13 million gaplamasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.
Welaýat merkeziniň demirgazyk-günbatar künjeginde ýerleşýän bu kärhana binagärlik keşbi, önümçilik aýratynlygy bilen has tapawutlanýar. Ol 1,8 gektara golaý meýdany eýeleýän önümçilik bölümlerini, edara jaýyny, taýýar önümler ammaryny öz içine alýar. Bu bolsa işleriň sazlaşykly hereketini ýola goýmaga, netijeliligini ýokarlandyrmaga amatly şertleri döredýär. Innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanada häzirki şertlerde örän ygtybarly bolan sargy hem gorag serişdeleriniň täze görnüşleri öndürilip başlandy. Uzynlygy 100 metre barabar agardylan lukmançylyk hasalary, dokalmadyk matadan bir gezeklik ulanylýan, zyýansyzlandyrylan hem zyýansyzlandyrylmadyk hirurgiýa halatlary, bir gezeklik gorag eşikleri häzirki günlerde arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmeginde derwaýys hasaplanýar. Kärhanada lukmançylyk hasasyndan taýýarlanan bäş gatly agyz-burun örtükleriniň her gün 6 müňüsi öndürilip, ilata ýetirilýär.