Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Durnukly hem-de oýlanyşykly maliýe-ykdysady we salgyt syýasaty Türkmenistanyň daşary ýurtly maýadarlar üçin özüneçekijiligini artdyrýar.
Sanly ulgamyň we täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy sazlaşykly ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň biri hasaplanylýar. Şeýle bolansoň, okgunly ösýän Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlary işjeň sanlylaşdyrylýar. Sanlylaşdyrmanyň çäklerinde ilata hödürlenýän bank hyzmatlarynyň, elektron tölegleriň gerimi giňeýär, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi artýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, häzirki döwürde sanly ulgam onlaýn duşuşyklary we maslahatlary geçirmekde hem işjeň ulanylýar. Teleköprüleriň üsti bilen ylmy-tejribe hem-de okuw maslahatlary geçirilýär.