Gämiler gurulýar, abatlanylýar

6 Dekabr 2021
1164

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň garamagyndaky «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzda gämi gurluşyk ulgamy boýunça ilkinji ädim bolup, milli ykdysadyýetimiziň, şol sanda ýurdumyzyň deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösüşine uly goşant goşýar. Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp, halkara ölçeglere gabat gelýän häzirki zaman enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen, 4-6 sany gämini gurmaga niýetlenendir. Bu ýerde 2 müň tonna polady işlemek arkaly ortaça 20-30 sany kiçi we orta göwrümli gämileriň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge hem doly mümkinçilik bar.

Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gämileri gurmak, şeýle hem dürli görnüşdäki gämilerde abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, deňiz giňişliginde ýük daşaýan, ýolagçy gatnadýan, dürli hyzmatlary edýän gämiler we ýüzüji serişdeler hem tehniki taýdan gözden geçirilýär. Olary abatlamakda hem-de enjamlaýyn hyzmatlary ýerine ýetirmekde bu ýerde döwrebap şertler döredilendir. Senagat we hojalyk maksatly önümçilik, uly ölçegli demir listleri işlemek, bug gazanlarydyr metal gurnamalary ýasamak işleri hem şu ýerde alnyp barylýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelýän dürli görnüşli konteýnerleri buýrujylaryň sargytlary esasynda abatlamak, kebşirlemek we reňklemek hyzmatlary-da döwrebap derejede ýola goýulýar.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».