Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmek, onuň ösüşini innowasion ugurlar boýunça üpjün etmek üçin ähli şertler döredilýär. Hususan-da, ýurdumyzda şertnama-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we onuň eksport kuwwatyny güýçlendirmek, döwlet bilen hususy pudaklaryň hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak ýaly möhüm özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu özgertmeleriň netijesinde ykdysadyýetiň innowasion ösüşi, şeýle hem onuň hukuk kepilliklerini kämilleşdirmek üçin amatly ýagdaýlar döreýär, olar bolsa öz gezeginde, ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagynyň gös-göni sebäpleridir. Şol nukdaýnazardan ugur alyp, döwlet Baştutanymyz ileri tutulýan sanly ykdysadyýete geçmek wezipesi babatynda şeýle belleýär: «Bu ýerde esasy faktorlar ýokary tehnologiýalary, esasy we amaly gözlegleriň netijelerini ulanmak bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan, jemgyýetiň intellektual potensialyndan has doly peýdalanmak, intensiw ösmek we ykdysadyýeti hil taýdan täze derejä çykarmak üçin öňdebaryjy ylmy gazanylanlary ornaşdyrmak bolup durýar».
Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiziň ykdysadyýetiň sanly ulgamyny ösdürmek boýunça başlangyjy raýatlaryň ýaşaýyş derejesini yzygiderli gowulandyrmak, bilim jemgyýetini, onuň maglumat giňişligini kemala getirmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen öndürilen önümleriň we hyzmatlaryň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmak, durmuş we ykdysady çygyrlary dolandyrmagyň ulgamlaryny kämilleşdirmek üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilendir. Dünýä tejribesine laýyklykda, sanly ulgamyň ösdürilmegi ýurduň ykdysadyýetini täze ösüş derejesine çykarmaga we ony düýbünden täze hile öwürmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelik bilen, milli ykdysadyýeti yzygiderli sanlylaşdyrmak meseleleriniň durmuşa geçirilmegi, ýurduň tutuş çägini gurşap alýan maglumat-ykdysady giňişliginiň kemala gelmegine doly derejede ýardam edýär.