Zenan waspy siňen setirler

26 Noýabr 2021
3157

Halkymyzyň taryhynda zenanlar baradaky ilkinji žurnallar «Türkmenistan» gazeti bilen baglanyşyklydyr. Çünki 1928-nji ýylyň 8-nji martyndan «Türkmenistan» gazetinde aýda bir gezek aýallar durmuşyna bagyşlanan sahypa berlip ugrapdyr. Gazetiň 1928-nji ýylyň 8-nji mart güni çykan sany tutuşlygyna zenanlara bagyşlanypdyr. Şol döwürde «Türkmenistan» gazetiniň ady latyn elipbiýinde ýazylan bolsa-da, içindäki beýleki ýazgylaryň ählisi, esasan, arap elipbiýinde bolupdyr. «Türkmen sowet ensiklopediýasynyň» maglumatyna görä, «Türkmenistan» gazetinde çykarylan ýörite sahypa 1928-nji ýylyň 22-nji oktýabryndan «Aýallar durmuşy» atly žurnala öwrülipdir. Şol döwürde žurnalyň möçberi uly žurnal formatynyň sekiz sahypasyndan ybarat bolup, 2800 sany bolupdyr. Onuň iň soňky 10-njy sany 1929-njy ýylyň 17-nji ýanwarynda çap edilipdir.

1931-nji ýylyň noýabr aýyndan başlap, «Aýallar sesi» žurnalynyň ilkinji sany latyn elipbiýinde çykypdyr. Bu žurnal aýda bir gezek özbaşdak žurnal bolup, dürli suratlar bilen bezegli çap edilipdir. «Türkmenistan» gazetiniň neşiri bolan «Aýallar sesi» žurnalynyň möçberi uly formatda bir çap listi möçberinde bolup, sany 3100 bolupdyr. 1931-nji ýylda «Aýallar sesi» žurnalynyň diňe bir sany çykypdyr. Onuň 1932-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň 2-3-nji çykan sanlarynda hem «Türkmenistan» gazetiniň neşiri bolup, «Işçi-daýhan aýal» ady bilen latyn elipbiýinde çykypdyr. Žurnalyň 1932-nji ýylyň martynda çykan 4-nji sanynda ol «Kolhozçy aýal», şol ýylyň aprelinde çykan 5-nji sanynda ýene «Işçi-daýhan aýal» diýlip atlandyrylypdyr. Bu žurnallar hem latyn elipbiýinde bolup, «Türkmenistan» gazetiniň neşiri bolupdyr, 1932-nji ýylyň maý-iýun aýlarynda çykan 6-7-nji sanyndan başlap, «Işçi-kolhozçy aýal» diýlip atlandyrylypdyr. Žurnalyň iň soňky 11-12-nji sanlary 1932-nji ýylyň noýabrynda, latyn elipbiýinde çykypdyr. Dürli atlar bilen çyksa-da, žurnallarda, esasan, aýallaryň azatlygy meselesine degişli umumy syýasy häsiýetdäki, aýal-gyzlary okuwa çagyrýan, aýal-gyzlaryň zähmet edermenligine bagyşlanan, arassaçylyk we saglygy saklaýyş barada maslahat berýän makalalar ýerleşdirilipdir.

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.