19.11.2021. Şu gün paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde açylan «Erkin» atly täze, döwrebap seýilgäh hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýaýbaňlandyrylan, Aşgabady ösdürmegiň şähergurluşyk maksatnamasynyň aýdyň netijesidir. Täze seýilgäh Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan ýylynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ilaty üçin ajaýyp sowgat boldy.
Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzda amatly durmuş şertlerini döretmek şäheri ösdürmegiň konsepsiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ekologik abadançylygynyň üpjün edilmegini esasy wezipe hökmünde kesgitledi. Şuňa görä, desgalaryň gurluşygy bilen bir hatarda seýilgäh zolaklaryny döretmek, şäheriň çäklerini bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen her ýylda geçirilýän ekologik çäreleriň netijesinde paýtagtymyzy ajaýyp ýaşyl zolak büreýär.