Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde tutanýerli işler durmuşa geçirilýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýet giňden ornaşdyrylýar. Şu mynasybetli halk hojalygynda innowasion taslamalar talabalaýyk durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag we kommunikasiýa hyzmatlar ulgamy, agrosenagat pudagy, orta we kiçi telekeçilik ýaly ugurlarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Oba hojalyk pudagynda bu babatda işler güýçli depginde alnyp barylýar. Ýer bilen iş salyşýan kärendeçilerimiz kuwwatly tehnikalar — pagta ýygyjy maşynlar, bugdaý orujy kombaýnlar bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilýär. Bu tehnikalara ýörite sanly ulgamyň kömegi bilen kompýuterler ornaşdyrylandyr. Munuň özi ýere erk edýän mehanizatorlara köp babatda ýeňillikleri döredýär. Wagty tygşytlamaga, alynýan hasylyň mukdarynyň artmagyna köp ýardam edýär.