Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda maýa goýum syýasatynyň üstünlikli amal edilmegi netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek bilen bagly giň mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzda importyň ornuny tutýan önümleriň we hyzmatlaryň sanawy barha artýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda milli hem-de halkara ähmiýetli maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Şeýle diýildigi, ozaly bilen, dünýäniň ösen döwletleri, abraýly halkara guramalary we iri kompaniýalary Garaşsyz Türkmenistan döwletimizi özleri üçin ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanaýarlar diýildigidir. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda höküm sürýän asudalygyň, abadanlygyň uly ähmiýeti bardyr.
Ýurdumyzyň maýa goýum syýasaty ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ösüşiň durmuş-innowasion ýoluna tapgyrlaýyn geçmek ýaly maksatlary özünde jemleýär. Şunda ykdysadyýetiň durnukly we deňeçer ösüşini üpjün etmek aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Milli maýa goýum syýasatyny amala aşyrmakda ýurdumyzyň banklary hem möhüm orun eýeleýär. Olar tassyklanylan maýa goýum Maksatnamalaryna laýyklykda, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny: ýangyç-energetika, senagat, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk, saglygy goraýyş toplumlaryny we beýlekileri maliýeleşdirýärler. Şeýle-de ilat üçin ýaşaýyş jaýlaryny, bilim edaralaryny we beýlekileri gurmak üçin karzyna maliýe serişdeleri goýulýar.