Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz durnukly ösüşi nazarlap, bedew bady bilen öňe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda halk bähbitli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda iň döwrebap ugurlar, sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri göz öňünde tutýar. Ýurdumyzyň ylmy-tehniki binýadyny has-da berkitmek, innowasiýalary durmuşa ornaşdyrmak, bu ugurdan hünärmenleri taýýarlamak, esasy ugur hökmünde nazara alynýar. Bilşimiz ýaly, ylmyň iň täze gazananlary beýik ösüşlere barýan ýollary salgy berýär. Gahryman Arkadagymyz eşretli zamanamyzda göz öňünde tutulan maksatnamalary we meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň görnüşlerini, usullaryny we serişdelerini paýhaslylyk bilen anyk kesgitleýär hem-de olary ýerine ýetirmegiň ygtybarly ýollaryny salgy berýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda il-ýurt bähbitli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Esasan hem milli ykdysadyýetimizi has-da kuwwatlandyrmakda kabul edilýän maksatnamalaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. Şonuň esasynda hem ösüşiň iň ygtybarly ýoly, döwrebap ýörelgeleri işlenip taýýarlanýar. Häzirki ylmyň ösýän döwründe ösüşiň iň tiz görnüşi sanly ulgam hasaplanýar. Sanly ulgam tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjesini özünde jemleýär. Şonuň üçin hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak döwrebaplyk we uly ösüşdir.