«Han çadyr» söwda-dynç alyş merkezi
Gazagystan özüniň täsin binagärlik desgalary bilen tapawutlanýar. 2010-njy ýylyň iýulynda açylan «Han çadyr» binasy Gazagystanyň halkynyň hem-de ýurda gelýän syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýeridir. «Han çadyr» ýurduň paýtagty Nur-Sultanda ýerleşip, ol iri söwda-dynç alyş merkezidir. Bu bina Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda dünýäde iň uly çadyr hökmünde orun aldy.