Milli ykdysadyýetimiziň daýanjy

15 Oktýabr 2021
1545

Toý-baýramly Diýarymyzyň senagatynda durmuşa geçirilýän özgertmeler bagtyýarlyk döwrümize buýsanç hem guwanç duýgularyny döredýär. Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen ýurdumyzyň köpugurly senagatyny mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, öndürilýän senagat önümleriniň möçberini we görnüşlerini artdyrmakda, hilini gowulandyrmakda önjeýli işleri alyp barýan senagat işgärleriniň tutanýerli zähmetine mynasyp baha berilýär. Her ýylyň oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Senagat işgärleriniň güni munuň aýdyň subutnamasydyr. Ol pudagyň işgärlerine goýulýan belent hormatyň nyşanydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň senagat pudagynda amala aşyrylýan giň möçberli işler milli ykdysadyýetimiziň ýokary derejedäki ösüşini üpjün edýär. Şeýlelikde, pudak uly ösüşlere eýe bolýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ata Watanymyzyň ynamly ösüşi üçin bu ulgamy has-da ösdürmek döwlet syýasatynyň baş maksatlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Baky berkarar döwletimizde kämil senagat ulgamyny kemala getirmek üçin uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Ýurdumyzyň senagat düzümini sazlaşykly ösdürmäge, onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, senagat taýdan ösüşiň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Hereket edýän senagat kärhanalarynda döwrebap sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, önümçiligiň doly awtomatlaşdyrylmagy, şonuň bilen birlikde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan taýýar önümleriň öndürilmegi, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagy ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar.

Toýmämmet REJEBOW,
«Balkan».