Garaşsyzlyk baýramy — halkymyzyň baş baýramy, il-ýurduň mizemez bagtynyň, ganatlanan ruhubelentliginiň güwäsi. Halkymyz tirkeşip barýan ýyllaryň üç onlugyndan bäri bu baýramy yzygiderli belleýär. Onuň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyndaky garşy alnyşy öňkülerden has ýakymly. Munuň özi ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolanymyza 30 ýylyň dolýandygy bilen baglanyşyklydyr. 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilenden soňra, ata Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda düýpli özgertmelere badalga berildi. Garaşsyzlyk we Garaşsyz Watanymyz hakynda söz açylanda, «sarsmaz, mizemez döwlet» diýen düşünjeler kalbyňa dolýar. Çünki eziz Watanymyzyň sarsmazlygyna, mizemezligine biziň ynanjymyz kuwwatly daglar kimin berk, ummanlar ýaly çuň, ýaşaýşyň özi ýaly baky. Bu Watanda 30 ýylyň içinde asyrlarboýy gazanylmadyk üstünliklere, ýetilmedik sepgitlere ýetildi. Şol ýyllarda hasyl bolan döwlet berkararlygymyz bolsa il bagtyýarlygynyň binýadyny döretdi. Erkana ýaşaýşyň gujagynda baş baýramymyzy garşy alýan günlerimizde bu bagtyýarlyk barada söz açmak, ýüregiňdäki buýsanjy paýlaşmak — uly bagt. Munda ýurt Garaşsyzlygymyzyň eçilen ruhy erkinliginiň, milli mertebesiniň we adalatly ýollarynyň çensiz ýakymy bar.
Ruhy erkinlik — Garaşsyz döwlet bolanymyzdan soň türkmen dünýäsine aralaşan ilkinji ýakym. Herekete, joşgunly işlere, täze başlangyçlara badalga berilmezden owal sere belentlik, göwrä kuwwat, maksatlara aýdyňlyk, gadamlara bat beren ýakym. Aslynda, asly halal türkmen halkymyzyň ruhy ahwalynda uly güýç, synmaz erk bar. Magtymguly atamyzyň: «Çoh garaşdyk, ajap eýýam gelmedi», «Berkarar döwlet islärin» diýen setirleri hem, bir tarapdan, öz döwrüniň ruhy çelgisinden habar berse, ikinji tarapdan synmadyk umytdan, gowşamadyk maksatdan söz açýar. Eliňde-erkiňde, öýüňde-iliňde bar bolan barlygyňa özüň eýedigiňe ynamyň ýok ýerinde-de milletimiz sussupeslige ýan bermändir. Ýurt Garaşsyzlygymyz milletimizi özerkli ýaşaýşa, döwletli döwranlara ýetirdi. Belent umyt-arzuwly, aýdyň maksatly zamananyň altyn gapylaryny açdy. Bizi beýik Pyragynyň türkmen döwletliligi barada eden uly arzuwlarynyň wysalyna eýe etdi.