Döwrüň derwaýys söhbedi

13 Sentýabr 2021
2022

KÄMIL TERBIÝE — MÖHÜM WEZIPE

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda maşgala abadançylygynyň sarsmaz binýadyny gurmak, ýaş nesillerimiziň ruhubelent, watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak ýaly derwaýys işleriň her bir maşgaladan başlamalydygy baradaky nesihatlary, maslahatlary esasynda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň röwşen geljeginiň binýadyny tutjak edepli, terbiýeli, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek her bir adamyň öňünde durýan esasy wezipedir. Türkmen halky gadymy halk, onuň däp-dessurlary, edim-gylymlary, edep-terbiýesi gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Ata-babalarymyz maşgala mukaddesligi, çagalarynyň edepli, terbiýeli bolup ýetişmegi babatda nusgalyk ýoly miras goýupdyrlar. Ata-babalarymyzdan galan mirasymyzda pähim-paýhas jemlenendir. Şunda türkmen maşgalasynda ata-enä, Watana, topraga bolan hormat uludyr.

Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Görogly etrap geňeşiniň bölüm müdiri.