Ekologiýa kanunçylygy kämilleşýär

10 Sentýabr 2021
2125

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly daşky gurşawy döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda durmuş ulgamynyň ähli ugurlary boýunça, hususan-da, ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.

Daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ony geljekki nesillerimize asyl durkunda we has baýlaşdyryp miras goýmak meselesi «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar.

Maral MYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esasy ylmy işgäri.