Çaga durmuşynda oýunlaryň ähmiýeti

6 Sentýabr 2021
2801

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň çagalar üçin edýän atalyk aladalaryndan ugur alnyp, çagalaryň sagdyn ösüşine uly ähmiýet berilýär. Şunda irki maşklary hökman berjaý etmeli, bu olaryň şähdini açyp, gan aýlanyşyny kadaly ýagdaýa getirýär. Iň esasy hem olaryň bedenleri berkeýär. Adatça, çagalar köplenç hereketde bolmagy halaýarlar. Bedenterbiýe sapagy — bu çagalaryň adaty durmuşynyň dowamy, sebäbi olar hereketde ösýärler. Hereket çagalaryň bedenini berkidýär, iň esasy bolsa bu olaryň durmuşyna şatlyk we saglyk getirýär.

Bedenterbiýe sapaklarynda öwredilýän hereketler, oýnalýan oýunlar körpeleriň ýaş aýratynlygyna görä saýlanyp alynmalydyr. Şeýle edilmedik ýagdaýda çaganyň ýaşajyk bedenine agram düşmegi ýa-da bedeniň ösmeginiň öňüne böwet bolmagy mümkin. Şonuň üçin her bir terbiýeçi tarapyndan bedenterbiýe sapaklarynda hereketler we oýunlar saýlanyp alnanda «Çagalaryň ösüşiniň kadalary we çaganyň mekdebe taýýarlygy» atly kitapdan peýdalanylsa maksadalaýyk bolar.

Tawus GULMUHAMMEDOWA,
Kaka etrabyndaky 10-njy çagalar bagynyň müdiri.