Ýene-de bir kuwwatly desga

1 Sentýabr 2021
1467

Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýanynda gurulýan kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň düýbi 2018-nji ýylyň noýabr aýynda tutuldy. Tiz wagtda işe girizilmegine garaşylýan desga welaýatymyzyň çäginde ozal ulanylmaga berlenleriniň arasynda has kuwwatlysy bolar. Ol Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd», şeýle hem Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylýar. Elektrik bekediniň esasy önümçilik binasynda her biriniň kuwwaty 144 megawat bolan üç sany gazturbina gurnamalary işlär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda energetika pudagy aýratyn çalt ösýän pudaklaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, kuwwatly bitewi energetika ulgamyny döretmek milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň berk esasyny düzýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasyna» laýyklykda elektrik energiýasyny öndürmekde döwlet ähmiýetli işler giň gerimde alnyp barylýar. Energetika pudagynda innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygy aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Munuň özi energetika serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda ykdysady mümkinçilikleriň çägini has giňeldýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen birlikde biziň welaýatymyzda innowasion tehnologiýalara daýanýan elektrik desgalarynyň birnäçesi guruldy.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar