Bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzyň düýpli özgerýän ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan ägirt uly üstünlikler hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky taýsyz tagallalarynyň guwandyryjy miweleri bolmak bilen birlikde, sazlaşykly ösýän jemgyýetimiziň ajaýyp görkezijileridir. Häzirki zaman dünýäsinde islendik ýurduň köptaraply, ynamly ösüşi, uzak geljegi nazarlaýan iri möçberli tutumlarynyň rowaçlyga beslenmegi, ilkinji nobatda, ylymdyr bilim ulgamynyň ösüş derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmaklyga, ýurdumyzyň önümçilik pudagyna dünýä ylmynyň gazananlaryny batyrgaý ornaşdyrmaklyga, ýokary tehnologiýalary, ylmy hem-de amaly barlaglaryň oňyn netijelerini üstünlikli peýdalanmagyň derwaýyslygyna aýratyn üns berilýär.
Ýurduň ykdysadyýetiniň depginli ösüşine oňyn itergi berýän iň gymmatly serişde bolup durýan maglumatlary jemlemekde sanly bilim ulgamynyň döredýän mümkinçilikleri ummasyzdyr. Munuň özi geljekki ykdysady ösüşi çaklamakda, netijede bolsa, ylmy taýdan esaslandyrylan toplumlaýyn maksatnamalary işläp taýýarlamakda uly ähmiýete eýedir.