«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda iri halkara çäreleriň geçirilmegi mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýylynyň dowamynda parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň yzygiderli ösüşdediginiň aýdyň görkezijileri bolup durýar. Şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde bäş sany ugurdaş çäräniň geçirilmegi özara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini görkezdi. Şolaryň birisi-de, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumydyr. Şeýle forumyň geçirilmegi bu halkara çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Sebit ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary täzeden dikeltmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, ony giňeltmek we hil taýdan täzelemek şu günüň wajyp wezipeleri bolup öňe çykýar. Bu babatda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz sebitde söwda-ykdysady ugurlary ösdürmek bilen bagly birnäçe başlangyçlary beýan etdi. Şol başlangyçlaryň biri — orta möhletli döwre niýetlenen, ozalky gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak bilen baglydyr. Gahryman Arkadagymyz bu wezipäni çözmegiň ýollaryny ulgamlaýyn esasda gözläp tapyp biljek bäştaraplaýyn iş edarasyny döretmegiň maksada laýykdygy baradaky pikiri öňe sürdi we muňa daşary ýurtly hyzmatdaşlygy çekmek mümkinçiligi bilen Merkezi Aziýada ykdysady we telekeçilik işjeňligine ýardam bermek boýunça Işewürler geňeşini döretmek baradaky meselä garamagy teklip etdi. Sebit ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň möhüm ugry hökmünde daşary ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegi, ilki bilen-de, munuň energetika, ulag, söwda ulgamlarynda bilelikdäki taslamalara gatnaşmagy teklip edip boljak goňşy döwletler bilen amala aşyrylmalydygyny belledi.