Gözel görkli diýarym!

18 Awgust 2021
1280

Günsaýyn özgerýän ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde has-da görklenip, dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çekmegi başardy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, durmuş ulgamy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Şu maksada ýetmek üçin ýurdumyzda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ägirt uly işler amala aşyrylyp, her güni täzeliklere beslenýän Diýarymyzda olar anyk netijesini berýär. Şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň düzümini toplumlaýyn kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň raýatlaryny ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk konsepsiýasy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän döwlet ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerinde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda bar bolan ýaşaýyş jaý gaznasyny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, dürli belentlikdäki ýaşaýyş jaý toplumlary guruldy we gurulmagy dowam etdirilýär. Bu bolsa adamlaryň amatly, hil taýdan ýokary bolan ýaşaýyş jaýlaryny şahsy isleglerine görä saýlap almak şertleriniň has-da artmagyna mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň maý aýynyň 25-ine ak pata bermeginde gurluşygyna başlanan «Şäher içindäki şäher» ýörelgesi boýunça taslamasy taýýarlanan «Aşgabat-sitiniň» gurluşygyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Köpugurly toplumy özünde jemleýän «Aşgabat-sitiniň» çäginde dünýäniň şähergurluşyk, binagärlik we inženerçilik-tehniki çözgütlerinden ybarat bolan iň täze hem-de öňdebaryjy tejribeler öz beýanyny tapar. «Şäher içindäki şäheriň» çäklerinde iň ýokary derejeli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Geljekki şäheriň ak mermere beslenen paýtagtymyzyň dünýäniň gözel we şol bir wagtda ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriň birine öwrülmegi bilen bir hatarda, Watanymyzyň okgunly ösüşini we ägirt uly döredijilik kuwwatyny hem alamatlandyrar.

Baýmyrat MUSAÝEW,
«Esger».