Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy iýulynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň üstünde netijeli işleri alyp barmagyň wajypdygyny belledi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak, halkara söwda ulgamynda iň gowy daşary ýurt tejribesini özleşdirmek üçin daşarky bazarlaryň isleglerini hem-de mümkinçiliklerini öwrenmek möhüm bolup durýar.
Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň esasy maksady milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşiniň yzygiderliligini üpjün etmekden ybaratdyr. Ykdysady taýdan täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda azyklyk we beýleki önümleriň, gündelik we durmuş harytlarynyň bolçulygynyň döredilmegine uly üns berilýär. Dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň emele gelendigine garamazdan, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň içerki we daşarky bazarlaryň isleglerini ödeýän sanawynyň giňemegine tarap ugur alynýar. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň giňeldilmegi diňe bir içerki bazarda önümleriň bolçulygyny döretmek bilen çäklenmän, eýsem, önüm öndürijileriň öz önümlerini ýerlemekleri üçin täze bazarlary gözlemeklerine-de itergi berýär.