Ýurdumyz Bitarap döwlet hökmünde sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary bilen häzirki zaman umumadamzat meseleleriniň biri bolan daşky gurşawy goramak meselelerini diňe köptaraply hyzmatdaşlyk we halkara goldawy esasynda çözmegiň mümkindigini hem-de Türkmenistanyň ekologiýa babatda alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatynyň dünýä ilatynyň parahat we abadan ýaşamagyna gönükdirilendigini subut edýär.
Tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.