Berkarar döwletiň belent maksatly ýaşlary

4 Awgust 2021
2485

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda, kabul edilýän kararlardyr maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde bu günki gün ýaşlar uly güýç hasaplanýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň ruhy-ahlak, aň-bilim, beden taýdan ösüşi, döwrebap bilim-terbiýesi hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy babatynda giň göwrümli şertleri döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky tagallalaryny biz — bagtyýar ýaşlar durmuşymyzyň her ädiminde duýýarys hem-de özümize bildirilýän ynama mynasyp zähmetimiz bilen jogap bermäge çalyşýarys. Şu belent maksat bilen biziň ýaşlar guramamyz hem zähmetsöýer, sowatly, bilimli, watansöýüji nesilleri, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny we baky Bitaraplygyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjak oglanlardyr gyzlary terbiýelemek ugrunda alnyp barylýan işlerde özüniň işjeňligini görkezýär. Etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda döwlet Baştutanymyzyň adyl syýasatyny, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek bilen birlikde, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri yzygiderli geçirip durýarys. Bu çäreler ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, olaryň aň-bilim düşünjelerini ýokarlandyrmakda, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýän hakyky watansöýüji, zähmetsöýer, ylymly--bilimli, berkarar döwletimiziň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşmaga ukyply ýaşlar bolup ýetişmeklerinde uly ýardam edýär.

Suraý TÄÇBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.